TÜRKMENISTANDAKY FRANSIÝA INSTITUTY TÄZE JAÝA GÖÇDI

Şu ýyl Türkmenistandaky Fransiýa instituty täze jaýa göçdi. Indi ol 744000, Aşgabat, Ata Garryýew (ozalky Sokolowskiý) köçesiniň 69-njy jaýynda ýerleşýär. 36 83 70 telefona jaň edip, TFI-niň wekilinden gerekli maglumatlary alyp bilersiňiz.

Türkmenistandaky Fransiýa instituty indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri bu ýerde fransuz dilini öwremäge gelýän türkmenistanlylary myhmansöýerlik bilen kabul edýär. TFI Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň edarasydyr.

Ilkinji gezek ol Aşgabatda «Žýul Wern medeni merkezi» ady bilen fransuz merkezi hökmünde açylypdy, 2015-nji ýylyň iýul aýynda bolsa häzirki – Türkmenistandaky Fransiýa instituty adyna we derejesine eýe boldy. Gulaga ýakymly fransuz dili ýaňlanýan Fransiýanyň paýtagtymyzdaky bu künjeginde bu ýurduň baý gadymy medeniýetiniň we taryhynyň gözel hem-de bendileýji älemine düşen ýaly bolýarsyň.

Bu ýerde okaýanlary Fransiýanyň we onuň halkynyň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary, milli baýramlary, ýurduň ösüşiniň häzirki ugurlary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem bu ugurda bilimleri ýaýratmak –TFI-niň işiniň esasy ugurlarydyr. Şundan ugur alyp, TFI-de fransuz tagamlary, milli folklor, teatr we kino sungaty, häzirki zaman ýazyjylarynyň, žiwopisçileriniň döredijiligi bilen tanyşdyrýan her hili ýatdan çykmajak çäreler guralýar.

Fransuz dilini öwrenmäge höwese has güýçli itergi berýän iň meşhur çäreleriň biri-de – her ýylyň 20-nji martynda geçirilýän Halkara Frankofoniýa gününiň çäklerinde guralýan döredijilik bäsleşikleridir. Frankofoniýa baýramy – fransuz dilinde gürlýänleriň ählisiniň, şeýle hem fransuz dilini söýýänleriň we ony öwrenýänleriň baýramy. Şonuň üçinem bu bäsleşiklere fransuz dilini halaýanlar çagyrylýar.

Bäsleşigiň baş baýragy – Fransiýa iki hepdelik okuwa gitmek, ýene-de Fransiýanyň şäherleriniň taryhy hem-de häzirki gözl ýerlerine ýatdan çykmajak gezelençlerdir. Olaryň arasynda, elbetde, – ýurduň nyşany, tolgundyryjy romantika we söýgi ruhuna ýugrulan ajaýyp, gözel Pariž hem bar.

TFI-niň esasy wezipesi – körpelerden başlap dürli ýaşdaky adamlara çenli fransuz dilini öwretmekdir. Körpeler, ýetginjekler we ulular okuwlara gatnaýanlaryň ýaşyna hem-de bilim derejesine görä dürli derejeli aýry-aýry maksatnamalar boýunça okadylýar.

TFI-de fransuz dili okuwy bilimiň ussatlyk derejesine ýetmäge mümkinçilik berýär. Okuwyň doly kursy dört ýyla niýetlenen. Okuwyň her tapgyryndan soň okuwçylara islegine görä synag tabşyrmak teklip edilýär, eger ondan üstünlikli geçse, oňa degişli sertifikat berilýär.

TFI-de fransuz dilini öwrenmäge goşmaça element hökmünde isleg bildirýänler üçin «gepleşik dili kluby» guralan. Onda fransuz dilinde gürleýänler bilen ony öwrenýänleriň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Duşuşyklaryň hersiniň temasynda dil we Fransiýanyň durmuşy barada bilimler berilýär, bu bolsa «fransuz dünýäsiniň» muşdaklary üçin hemişe gyzyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, dünýäde häzir fransuz dillileriň 300 milliondan gowragy ýaşaýar, ol ýaýraýşy boýunça bäşinji dildir, ony öwrenmäge höwesekleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda TFI ýaly dil merkezleri dünýä ýurtlarynyň köpüsinde hereket edýär. Olaryň umumy maksady – Zemin ilatynyň arasynda fransuz dilini, Fransiýanyň taryhyny we medeniýetini geljekde-de wagyz etmekdir.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)