HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARYNDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Bütin dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň gatnaşmagy döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň hem-de Türkmenistanyň we Fransiýanyň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Milli baýramy − Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilmeginiň dowam edýändigini kanagatlanma bilen nygtady.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dördünji mejlisi özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna syn bermäge mümkinçilik berdi hem-de iki dostlukly ýurduň dürli düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Milli Liderimiziň ynam bildirýän fransuz kompaniýalarynyň öz üstlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändigi aýratyn nygtaldy.
Emmanuel Makron öz hatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Kararnamany kabul eden pursadyndan başlap, Fransiýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny üýtgewsiz goldaýandygyny belledi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşdyryljakdygyna umyt bildirdi.
Gurluşyk pudagy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň öňden gelýän we däp bolan ugrudyr. Aşgabadyň ýüzüniň tuwagyna öwrülen dürli maksatly iri desgalaryň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy tarapyndan ulanylmaga tabşyrylanlary şol gatnaşyklaryň netijelidiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň ýokary durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar.
Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar ýetirilip, häzirki zaman Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, täze ýaşaýyş, dolandyryş, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzümlerine degişli desgalaryň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen giňişleýin tanyşmak üçin wagt tapyp, täze gurluşyklary hut özi yzygiderdi gözden geçirýär.
Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin hemme şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini barha pugtalandyrýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny—taýýarlanylyşyndan başlap, amala aşyrylyşyna çenli hemme işleri hemişe üns merkezinde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge täzeçil, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär.
Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy.
Bu belent toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşykda ulanylýan timarlaýyş we gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy bilen tapawutlanmalydyr.
Milli Liderimiz Maslahatlar merkezi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolar diýip, geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Maslahatlar merkeziniň ýurdumyzyň işjeň syýasy durmuşynyň jemlenýän ýerine öwrülmelidigini bellemek bilen meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aýtdy, munuň özi dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna ýardam eder.
Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhana baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça—gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly desgalaryň bina edilmegine häzirki zaman talaplary bildirilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlananda we olaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmagyň esasy ugur edinýändigini aýdyň görkezýär.
Milli Liderimiz döwrebap binanyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklanyp, olaryň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmegi hem-de bellenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda zurur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Binanyň içki we daşky bezelişi, myhmanhana otaglarynyň gurluşynyň işlenip taýýarlanylyşy aýratyn, milli öwüşgine eýe bolmalydyr. Munuň özi myhmanhananyň hyzmatlaryndan peýdalanjak daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň özboluşly däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder.
Myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Täze myhmanhananyň ýerleşýän ýerini nazara alyp, onuň ýurdumyza gelýän jahankeşdelerinde oňyn täsin galdyrmagy we myhmanlaryň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň ajaýyp ýerlerini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Bellenilişi ýaly, myhmanhanada dürli çäreleri, şol sanda halkara derejesindäki duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler netijeli peýdalanmalydyr.
Mundan başga-da, täze gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalarda, aýratyn-da, döwrebap myhmanhanalarda halkara derejeli çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhananyň ýerleşýän ýeriniň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu ýerlerde tokay zolaklarynyň döredilmegi, myhmanhananyň çäginiň bagy-bossanlyga bürenmegi we binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleri dünýä nusgalykdyr. Asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, türkmen halky hoşniýetli myhmanlara we gadyrly dostlaryna kalbynyň töründen orun berýär. Halkymyzyň döreden nusgalyk ýörelgeleri täze gurulýan myhmanhanalarda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desga hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.
Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar.
Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk – abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi hem-de gurluşygyň ýokary hilini hem-de bellenilen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz harby ýörüşleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şol tehnikalar Milli goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny, onuň häzirki zaman tehniki üpjünçiligini açyp görkezýär.
Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň çykyşlary üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Ahalteke bedewi taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, türkmen jigitleriniň ençeme nesillerine wepaly gulluk edip gelýär. Bedew olar üçin wepaly ýoldaş we dost bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ahalteke bedewleriniň köpsanly myhmanlaryň öňünde gözelligini görkezmegi üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi.
Dabaralar häzirki zaman derejede, türkmen halkynyň ruhuna, onuň däplerine, baý milli mirasyna laýyklykda guralmalydyr. Çäreler geçirilende agşamky yşyklandyryş ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary göz öňünde tutmak gerek diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Okgunly ösýän Türkmenistanyň täze taryhynyň başlangyç nokadyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilmegine berilýän uly ähmiýeti nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň açylyş dabarasyna örän jogapkärli taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz potratçynyň ünsüni gurluşygyň hiline hem-de desgany bellenilen möhletde ulanmaga bermegiň möhümdigine çekdi. Şeýle hem milli binagärligiň däplerini ulanmak, geçirilýän işleriň bildirilýän talaplara kybap gelmegini üpjün etmek barada tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň netijelerini jemläp, täze gurulýan desgalaryň şäheriň şu bölegindäki ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar hem-de gözel tebigat bilen utgaşmalydygyny belledi.
Bu talap, elbetde, binagärleriň hem-de taslama düzüjileriň öňünde çylşyrymly döredijilik wezipelerini goýýar. Olaryň üstünlikli çözülmegi ak mermerli paýtagtymyzy, onuň gözel keşbini has-da özgertmäge ýardam edýär.
Şeýle hem täze binalar we desgalar gurlanda, olaryň oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutup, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki hem-de ösen ulag-kommunikasiýa düzüminiň talabalaýyk bolmalydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.