TÜRKMENLERIŇ ÖRME JORAPLARY

Nagyşly örme joraplar türkmenlerde gadymdan gelýän bolsa-da, ol halk döredijiliginde hala, keşdä, tara garanda känbir göze ilmeýän senet, ol diňe gülli jorap ýaly bezegli joraplarda ýüze çykdy.

Galyň örme ýüň joraplar Merkezi we Alynky Aziýa ýurtlarynda hem-de Kawkazda -- ýüň bol we senetler ösen ýerlerde ýaýrandyr.

Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary öz bezeg ýollaryny, reňkleri ulanmagyň dürli tilsimlerini özleşdiripdirler, olar hem gülli joraplara milli aýratynlyk berýär.

Joraplar elde taýýarlanan ýüplükden örülýär. Türkmen zenanlary ony taýýarlamak bilen bagly kyn işleriň ählisini ýerine ýetirýärler. Ozal ýüplük ösümliklerden alynýan reňklere boýalan bolsa, indi himiki reňkler ulanylýar, el ýüplügine derek fabrik ýüplügi ulanylyp, oňa berklik üçin wiskoza sapagy goşulýar. Täze ýüplügiň hili ýyly joraplara täsirini ýetirýär. Gadym zamanlarda jorap agaç çişlerde örülen bolsa, häzirem edil ХIХ asyrdaky ýaly demir çişde örülýär. Bäş çişde şol bir usulda örülýändigine garamazdan, olar garşylykly reňk öwüşginleriniň we adaty geometrik nagyşlaryň sazlaşygy netijesinde aýratyn bezegi bilen tapawutlanýar. Olaryň suraty dürli görnüşli we takyk berilýär.

Örme joraplary diňe bir zenanlar däl, eýsem erkek adamlaram geýýärler. Erkek adamlaryň joraplaram edil zenanlaryňky ýaly ökjesi bir görnüşli ýüňden örülýär. Erkek adamlaryň jorabynyň gonjy zenanlaryňkydan uzyn (40-45 sm) bolýar. Galyberse-de, erkek adamlaryň joraby gülsüz bolýar, käte nagyşlylaram duşýar.

El işiniň şu görnüşiniň Türkmenistanda gadymdan gelýändigine diňe onuň tutuş ýurdumyza ýaýranlygy däl, eýsem onuň halk amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleri bilen çuňňur tilsim arabaglanşygy-da şaýatlyk edýär. Edil zenan köýnekleri, donlary, ýaglyklary, şaý-sepleri ýaly gülli joraplaram milli zenan lybaslarynyň bir bölegi bolupdyr.

Örme joraplaryň nagyşlarynyň ençemesi gadym zamanlardan galypdyr, olaryň käbiri arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan zatlarda gabat gelýär. Mysal üçin, halk sungatynyň ählisinde giňden ýaýran goçak nagyşy, alaja has gadymy nagyşlardandyr. Käbir nagyşlar – egremçe, basgançak keşdeden, darakşekil nagyş – halyçylykdan geçipdir.

Çeper serişdeleriň arasynda garşylykly we sazlaşykly reňk öwüşginleri, çyzyk çalşyklary, gelşikli düwme örümler bar.

Jorap örülende gülli nagyşlar daşyna edilýär. Ýüz tarapynyň halkalary tutuş jorapda başdan-aýak geçse, iç tarapynyňky - iç tarapyndan geçip, birnäçe hatardan tamamlanýar.

Gülli joraplarda goýy-gyzyl, ýyly gyzyl reňkler agdyklyk edýär. Gyzyl reňkiň agdyklygy bilen birlikde dürli we takyk reňk ritmini gazanmak üçin türkmen zenanlary her hili tilsimlerden peýdalanýarlar. Mysal üçin, birmeňzeş surat boýunça şekiller ilki bir halka, soň beýleki reňk halka bilen yzygiderlilikde örülýär.

Türkmenlerde däbe görä, düýe ýüňünden jorap örülmeýär, çünki bu janawer keramatly saýylýar, onuň ýüňüni döwelemek bolmaýar. Ýöne soňky 30-40 ýylda düýe ýüňünden örülýän ýeňsiz, guşak, giň guşaklyk, tumar, alaja ýoň boldy.

El joraby häzirki döwürde hem geýilýär. Şol bir wagtyň özünde ol biziň günlerimize çenli saklanyp galan gadymy halk däpleri bilen jebis baglanşyklydyr. Owadan ýüpek ýa-da ýüň gülli joraplar gelin lybasyna üýtgeşik görk berýär.

Bezegli-ala jorap her oba öýünde örülýär. Dag sebitleriniň ilaty ony ýylboýy geýýär. Şäherliler bolsa olaryň owandanlygyna guwanýarlar. Çeper elli zenanlar ýerli ýörelgeleri dowam etseler-de, her nagyşa özüçe bir zat goşýarlar.

Häzir nagyşly joraplaryň meşhurlygy has-da artdy. Galyberse-de, soňky 10-20 ýylda milli geýimde umumy özgerişler bolup geçdi. Adaty joraplaryň täze görnüşi – oňaýly örme çokaýlar ( gonçsyz jorap) ýüze çykdy. Häzirki wagtda türkmen zenanlary çiş bilen däl-de, iňňe bilen kinniwanja (3-5 sm) joraplary-da örýärler. Bu owadanja joraplar ulaglarda, öýlerde we egin-eşikde doga-tumar hökmünde köp gabat gelýär.

Çeper tilsimler, reňk duýgurlygy, ilkinji halkasyndan ony eýýäm taýýar görnüşde görmek – çeper elli zenanlara gerekli sypatlardyr. Halk ussatlary öňden gelýän sungaty lybaslarda häzir ýoň bolan usullar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarlar, şunda häzirki döwrüň önümleri milli lybaslara aýratyn bezeg berýär. Gülli joraplar hemişe owadan we gelşikli görünýär.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)