TÄZE NYŞANLY ÖNÜMLER
Paýtagtymyzda we Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän iri dokma toplumlary 2021-nji ýylyň milli nyşanly harytlaryny çykarmaga girişdiler. 2021-nji ýyl -- «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarly owadan surat «Ahal» we «Bahar» tikinçilik kärhanalarynyň önümleriniň etiketkalaryna, Aşgabadyň dokma toplumynyň, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň, Gökdepe toplumynyň önümleriniň gaplaryna basylar. Ýylyň nyşany çagalara we ululara niýetlenip tikilen eşikleri, trikotaž, sport we jinsi eşiklerini bezär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän pagta süýüminden we ýüplükden başlap durmuşda ulanylýan dokma önümlerine çenli eksport edilýän harytlaryň giň sanawyndadyr. Täze tehnologiýa önümçilikleriniň özleşdirilmegi, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň awtomatik, döwrebap egirme, dokma, tikinçilik enjamlary pudagyň kärhanalarynda önümçiligiň möçberiniň artmagyny we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanamagyny üpjün edýär.
Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde pudakda çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olaryň ekologiýa howpsuzlygy talaplaryna laýyk gelmegi meselelerine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň senagaty tebigy serişdeleri ulanmakdan ugur alýar, bu bolsa dünýä ýaýran halkara brendleri özüne çekýär. Pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri halkara derejesinde ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifikatlaryna, WRAP we OHSAS 18001 ölçeglerine mynasyp boldy.
Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň segsen göterimine golaýy GDA, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna we dünýäniň beýleki künjeklerine eksport edilýär.