SERGIDE ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY ESERLERINIŇ ÄHLI GÖRNÜŞI GÖRKEZILÝÄR
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan işleriniň sergisi guraldy. Sergide muzeýiň gorunda saklanylýan žiwopis, şeýle hem Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşininiň keramika, dizaýnerlik işleri we şaý-sepleri görkezilýär.
Şemşat Mämmedowanyň «Bahar geldi äleme» atly suraty reňk terligi bilen tapawutlanýar. Köpetdagyň gül-pürçege bürenen eteginde ýaýnap ýören bedewler temasyna türkmen nakgaşlary ýygy-ýygydan ýüzlenýärler. Şemşat manzarda reňkleri şeýle gelşikli ýerleşdiripdir welin, ol aýratyn mähirli görünýär. Onuň işinde al-elwan gülälekli, zümerret ter otly meýdany penalap oturan gaýalar gülgüne röwüş atýar.
Temasyny üýtgeşik açýan žiwopis işlerinden Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň «Zemini çagalara bereliň» atly suraty ünsüňi özüne çekýär. Nakgaş çagalar sungaty bäsleşigine gatnaşýan gyzjagazy şekillendiripdir. Ýüreginde ylham joşýan baş gahrymanyň jadylaýjy ekspressiýasy bolmadyk bolsa, beýleki çagalaryň bir giden suraty eseri kollaža meňzederdi. Suratyň ady bilen sazlaşygy ony has täsirli görkezýär.
Muzeýiň ylmy bölüminiň baş hünärmeni Nurýagdy Babaýew biziň ünsümizi Dmitriý Filippçenkonyň «Tans» atly üýtgeşik işine çekdi. Awtor gök panbarhat, ýag we akril ulanyp, seýrek duşýan tilsimde boýnap ýören atlary şekillendiripdir. Daşyndan bu dizaýnerlik iş demire nagyş salana meňzeýär.
-Häzirki wagtda Türkmenistanyň nakgaşlarynyň öňünde gündogar miniatýurasyny dikeltmek, olary döwrebap owadan şekilde bermek wezipe edilip goýuldy – diýip Nurýagdy Babaýewiç gürrüň berýär. – Şonuň üçinem, üns beren bolsaňyz, şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň biri-de gündogar miniatýurasyz geçýän däldir. Mekan Nurýagdyýew şu usulda ýerine ýetirilen şowly işleriniň birini sergä hödürläpdir. «Awçylar» atly bu surat gijeki keýik awy pursadyny beýan edýär, özi-de Mekan ony şeýle çeper beripdir welin, bizde hem keýikleri halas etjek, hem awçylary hem boş goýmajak jadyly pursada duşaýjak ýaly duýgy döreýär.
Sergide amaly-haşam sungaty işleriniň hem saýrylary görkezilýär. Täjigül Gurbanowanyň «Keşde» atly triptihi dizaýnerlik işine meňzeýär. Keşdeleriň hersi düşegi garşylykly sary matada applikasiýa görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Keşdeleriň üýtgeşik tilsimi triptihe aýratyn görk berýär. Geň ýeri, Täjigül Gurbanowa ýörüte bilimli nakgaş däl-de biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ol hormatly dynç alyşa çykandan soň çotgajykdyr reňkler bilen işlemegi öwrenen zenan. Munuň özi beýleki kärde işlänleriň sungata gelýän ýeke-täk ýagdaýy däldir. Bu ýere gelýän tomaşaçylaram olaryň öz başarnygyny ýerlikli ulanyp bilýändigine guwanýaralr.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Maral Ataýewa sirk temasyndan keramiki gap bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Gabyň perimetrinde jigitleriň, akrobatlaryň, ekwilibristleriň şekilleri ýerleşdirilipdir. Münberdäki tomaşaçylar bolsa olary mübärekleýärler. Nakgaş gabyň ýemşeren we göwşüllän ýerlerini hem şekile salypdyr. Ol, belki, şeýtmek bilen sirkiň has gadymy sungatdygyny nygtamak isländir.
Hezret Annageldiýew – tumar şekilli gabyň awtory. Ol eserinde asyrlarboýy saklanylýan keramikanyň hem edil maşgala bagty ýaly gadymylygy we yrylmazdygy baradaky pikir utgaşdyrjak bolana meňzeýär.
Zergär Aýjemal Çaryýewa «Türkmen gözeli» atly kümüş monjuga siňdiren fantaziýasy bilen geň galdyrdy. Ol eseriniň merkezinde milli lybasly zenan şekilini ýerleşdiripdir. Onuň üýtgeşik dizaýny awtora üstünlik getirdi.
Nakgaşlaryň üstünligine mynasyp baha bermek bilen biz olara zehini we batyrgaýlygy bilen türkmen sungatyny geljekde-de ösdürmegi arzuw edýäris, şunda olara mähirli türkmen topragynda höküm sürýän parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýardam eder.