Türkmenistanyň Ilçisiniň BAE-niň «Al Etihad» habarlar merkeziniň Baş direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 7-nji maýynda «Abu Dhabi Media» habarlar guramasynyň binasynda Türkmenistanyň Birleşen Aarap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen «Al Etihad» habarlar merkeziniň Baş direktory doktor Hamad Al-Kaabiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk maglumat we habarlar ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy habarlar guramalarynyň arasynda göni işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn seretdiler. Hyzmatdaşlyk üçin resmi hukuk binýadyny döretmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary hem-de onuň ýurduň medeni we jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada maglumat berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli maglumat alşygyny we hünär derejesindäki gepleşikleri goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda maglumat giňişliginde ikitaraplaýyn mowzuklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, habarlar ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ygrarlylyk beýan edildi.