RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1619-njy Kararyna laýyklykda, «Ahal-Balkan» we «Balkan-Daşoguz» ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada baglaşan şertnamalaryna ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.