WATANY GORAMAK - HORMAT-SARPALY KÄR
Dünýe şeýle gurlan-da –ildeşleriniň öýünde parahatlyk höküm sürmegi üçin serhetçiler gije-gündiz, howa parh etmän, adaty hem baýram günlerem Watan serhedini goraýarlar. Harby düzümler parahatçylyk döwri hünär taýýarlygyny has-da ýokarlandyrýarlar. Erkek kişiler baş borjuny ýerine ýetirmäge -- islendik pursat Watan goragyna taýýardyrlar.
Hünär baýramynyň –Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi guraldy. Ol Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy Ýazmyrat Dowodowyň «Esgerler bilen duşuşykdan soň» atly natýurmorty bilen açylýar. Nakgaş natýurmortyň sadaja ýordumyny döredip ýörkä häzirki döwürde harby temadan guralýan sergileriň biriniňem şu esersiz geçmejekdigini bilenem däl bolsa gerek. Gül desseleri, daşy baglanan kitaplar – mekdep okuwçylaryndan, talyplardan, işçilerden esgerlere berilýän ýoň bolan sowgatdy.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Gennadiý Babikowyň «Serhetçiler» atly suratynda döwlet serhediniň dag ýodalarynda harby tabşyrygy ýerine ýetirip ýören atly serhetçiler şekillendirilipdir.
Sergide kiçi göwrümli heýkelleriň birnäçesi goýlupdyr, olaryň biri – Artur Abramowyň «Kinolog» atly heýkeli Watanymyzyň serhetlerini goraýan esgerleriň gündelik işi baradaky suratlaryň üstüni ýetirýär.
Annadurdy Jumanyýazowyň «Muhammediň portreti» suratyndan bize gurjurly, edermen ýaş serkerde garap dur. Nakgaş onuň keşbini döredende hakyky serkerdäniň häsiýetini nygtamak üçin batyrgaý, kä ýerlerde hat-da gödegräk ştrihleri-de ulanypdyr.
Arslan Muhadow bolsa Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndan galan fotosurat boýunça kakasynyň portretini çekipdir. Ýaş, görmegeý ýigidiň durmuşdan lezzet alyp ýaşamaly döwri ol harby lybas geýmeli bolupdyr.
Oglanjyklar çaga döwründe harby oýunlary oýnap, gerek pursady eziz Diýaryny goramaga özüni deslapdan taýýarlaýarlar. Parahatçylyk döwrüniň ýörelgesi – erkek adam harby gullugy geçmeli. Şonuň üçinem oglanlar heniz mekdepde okap ýörkä özüni durmuşyň şu wajyp döwrüne taýynlaýarlar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Toýly Esenmämmedowyň «Gullyga ugradyş» atly suratynda obadaşlarynyň il bolup, gulluga ugratmak dabarasyna gatnaşyşy görkezilýär. Garyndaşlarynyň hyjuwlyraklary «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirýär.
Sergide goýlan suratlaryň ählisinde bir zat – isle Beýik Watançylyk urşunyň weterany ýa-da parahatçylyk döwrüniň esgeri bolsun, tapawudy ýok, olarda Watan goragçylaryna aýratyn mähir duýulýar. Uruş döwri halk jeň meýdanyndakylar üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmadyk wepaly tyl bolupdy. Olaryň harbylara mähri-sarpasy parahatçylyk günleri hem saklanyp galypdyr.