TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi. 

Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejedäki özara hereketleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Ministrler sebit we halkara düzümleriniň, BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň çäklerindäki bilelikdäki hereketlere kanagatlanma bildirdiler. Hususan-da giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin oňyn platforma hökmünde bolup durýan GDA-nyň çäklerindäki özara hereketler bellenip geçildi. Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan çäreleriň ähmiýeti hem nygtaldy.    

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň duşuşyklary yzygiderli esasda, häzirki döwürde bolsa sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Taraplar şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyna seredip geçiler we onuň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikirleri alyşdylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy bölekleriniň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derejesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda, maýa goýum we senagat ulgamyndaky özara hereketleri ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus Hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda öýleriniň işi hem aýratyn bellenildi, çünki olaryň esasy wezipesi iki ýurduň bazarynda türkmen we belarus harytlarynyň toplumynyň artdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen bolup durýandyr.

Duşuşykda ministrler esasy düzüjisi bilim ulgamy bolan medeni-ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berdiler. Türkmen talyplary Belarus Respublikasynyň ençeme ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim alýarlar.

Taraplar häzirki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda ylmy, döredijilik we medeni gatnaşyklaryň dowam edilmeginiň maksadalaýyklygyny belläp geçdiler. Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. 

Gepleşikleriň jemleri boýunça Ministrler «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)