Aşgabatda Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan Türkmenistanyň ýeňijisini sylaglamak dabarasy geçirildi

Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+212) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.

Dabaranyň başynda wise-premýer Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny okady.  

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agyr atletika boýunça türgeni Polina Gurýewanyň ýurdumyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda gazanan bu üstünligi – ata Watanymyz üçin aýratyn serpaýdyr. Ol türkmen halkynyň buýsanjyna öwrüldi diýip, Gutlagda bellenilýär.      

Soňra baýrak gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanynyň adyndan oňa ähli amatlyklary bolan öýüň hem-de «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açarlary gowşuryldy. Mundan başga-da, P.Gurýewa 50 000 amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.

Polina Gurýewa: «Men sportda döredip beren giň gerimli mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentine sagbolsun aýdýaryn. Meniň bu medalym hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sowgadym boldy», diýip belledi. 

Tälimçiler A.Saryýewe Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni we A.Emirýana bolsa 2021-nji ýylda goýberilen «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.