SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň mazmunynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Taraplar iki döwletiň halkara giňişligindäki özara hereketlerine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Ministrler Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tut...
ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk esaslaryna d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Russiýa Federasiýasynyň ynamly durmuş-ykdysady ösüşi, döwlet gurluşynyň we halkara giňişlikde at-abraýynyň yzygiderli berkidilmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglydyr» diýip, milli Liderimiz gutlag hatynda nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen he...
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ SERGISI: MÜDIMI HAKYDA
Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde uruşlaryň ählisiniň jeň meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýyldaky elhenç Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasy tutulýan Hatyra gününe gabatlalyp sergi guraldy. Weýrançylykly Aşgabat ýer titremesinden bäri 72 ýyl geçdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije paýtagtymyz we onuň etegindäki obalar az salymda elhenç belanyň pidasy boldy. Şol döwür şäherde çig kerpiçden gurlan bir gat jaýlar kändi, olaryň harabalary çagal...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda, esasan, milli ösüş meýilnamalary nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar goňşy halklaryň köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, däp bolan hyzmatdaşlygyň diňe bir özara bähbitlere laýyk gelmän, eýsem, tutuş sebiti...