RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Ýan

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolba...

DOWAMY
pic
28 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň Spikeri bilen telefon arkaly gepleşigi

2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy-ýurtlaryň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt-Peterburg şäherinde onuň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.  Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. T...

DOWAMY
pic
28 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy. Türkmen döwletiniň Lideri sammitde çykyş edip, şu ýylyň ähmiýetli bolandygyny we ýurtlaryň GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyny mynasyp belländiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň tertipnamalaýyn we pudaklaýyn düzümleriniň ýygnaklarynyň, Arkalaşygyň ýurtlaryny...

DOWAMY
pic
26 Dek

Türkmenistan «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba alan döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy

Öň hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we onuň ulanylmagy üçin degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelik bilen, Türkmenistan «Sputnik V», «EpiWakKorona» we «Sputnik Laýt» ýaly rus sanjymlarynyň öz çäginde ulanylmagyny makullan döwletleriň ilkinjileriniň biri boldy. Bu serişdeler bilen sanjym edilmegi ilatda immunitetiň tiz kemala getirilmegine mümkinçilik berer. Göni maýa goýumlaryň Rus gaznasynda (GMgRG) be...

DOWAMY
pic
21 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, şu gün Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan mähirli salamyny ýetirdi. Ministr şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
14 Dek

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk  harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy.  Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek bab...

DOWAMY
pic
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»

11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...

DOWAMY