RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Ýan

TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA ÇENLI HALKARA OPTIKI SÜÝÜMLI ARAGATNAŞYK ULGAMYNY IŞE GOÝBERMEK – DÜNÝÄNIŇ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDAKY MAGLUMAT KÖPRÜSINIŇ DÖREDILMEGI UGRUNDA

Şu gün, Kerki – Şibergan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we  üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy hem geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynd...

DOWAMY
14 Ýan

KERKI (TÜRKMENISTAN) – ŞIBERGAN (OWGANYSTAN) UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJI ULGAMY DABARALY ÝAGDAÝDA IŞE GIRIZILDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmeginden öň Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekow hem-de Owganystanyň suw we energetika meseleleriniň sazlaşdyrylmagy boýunça müdirliginiň Baş direktory Han Mohammad Takal dagylar çykyş etdiler. Ol...

DOWAMY
14 Ýan

“AKINA-ANDHOÝ” DEMIR ÝOL LINIÝASY IŞE GIRIZILDI

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň döwlet baştutanlary, hökümet agzalary, iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.     «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow we Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň ý...

DOWAMY
14 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERI BILELIKDÄKI INFRASTRUKTURA DESGALARYNYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDYLAR

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçrijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geç...

DOWAMY
13 Ýan

TÜRKMEN-HINDI SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we ha...

DOWAMY
12 Ýan

ÖSÝÄN TALAPLARA LAÝYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Hilal» hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde mebel önümlerini we demir önümleriň käbir görnüşlerini öndürýän täze karhana gurar. Döwlet makstanamasynda göz öňünde tutulan bu önümçilik Zaman köçesinde iki gektar meýdanda ýerleşer. Onuň düzüminde önümçilik şehi we tehniki ähmiýetli gerekli binalar bolar. Kärhana 200 adamy iş bilen üpjün eder we ýylda iki müňe golaý önüm gurnamalaryny çykarar. Ony ýokary tehnologiýaly, şol sanda «Hilal»...

DOWAMY
11 Ýan

«SYÝASAT WE JEMGYÝET» ŽURNALY

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly...

DOWAMY