RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Iýul

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabada sapar bilen geldi. Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Uçaryň öňünde milli lybasly çagalar belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar....

DOWAMY
pic
5 Iýul

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Gahryman Arkadagymyz «Akorda» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany goňşy döwletiň Baştutany mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata dü...

DOWAMY
pic
5 Iýul

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Astanada ŞHG-niň sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuham...

DOWAMY
pic
4 Iýul

Astana şäherinde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Astana şäheriniň akimi Ženis Kasymbek we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Halk Ma...

DOWAMY
pic
3 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň Katardaky üçünji duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar, şol sanda häzirki owgan häkimiýetiniň wekilleri Owganystandaky häzirki syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaý, Owganystandaky hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşy...

DOWAMY
pic
3 Iýul

KHBS üçin maglumat

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gaz pudagyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler. Türkmen gazyny Eýrana we onuň üstünden üçünji ýurtlara ibermek boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda gaz hyzma...

DOWAMY
pic
23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

DOWAMY