img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny,...

DOWAMY
pic
15 Apr

Türkmenistanyň Ilçisi Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) Baş direktory jenap Mohamed Ahmed Al Harbi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. 2026-njy ýylyň Türkmenistanda « Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýändigi aýratyn bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar degişli edar...

DOWAMY
pic
15 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli jenap Nizar Amediniň adyna gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda Yragyň täze saýlanan Prezidentine tüýs ýürekden gutlaglaryny we berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de Yrak halkynyň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine ähli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

DOWAMY
pic
12 Mar

Türkmenistanyň Ilçisi Halifa uniwersitetinde duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabi şäherindäki Halifa uniwersitetiň rektory, professor Ebrahim Al Hajri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Halifa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym, tehnologiýa we innowasiýa ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri maslahatlaşyldy. Taraplar akademiki alyş-çalyş, magistratura we doktorantura okuwlary hem-de bilelikdäki ylmy...

DOWAMY
pic
28 Few

Türkmenistanyň Ilçisi IRENA-nyň Baş direktoryna ynanç hatyny gowşurdy

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi. Dabaradan soňra bolan resmi kabul edişligiň dowamynda Hemişelik wekil Agentligiň ýolbaşçysyna Türkmeni...

DOWAMY
pic
25 Few

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Al-Falahi bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda esasan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Global Rail 2025» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we BAE-niň demir ýol edaralarynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek...

DOWAMY
pic
20 Few

Şarja şäherinde Türkmenistan bilen BAE-nyň işewür hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň BAE-daky Ilçisi Baýram Baýramow bilen Şarja Söwda-senagat edarasy we Expo Centre Sharjah-yň başlygy Abdullah Sultan Al Owaisiň, şeýle hem ICC UAE-niň başlygy we BAE-nyň Palatalar federasiýasynyň Baş sekretary Humaid M. Ben Salemiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk işjeň we özara düşünişmek ýagdaýynda geçip, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ta...

DOWAMY