img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Few

El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyz...

DOWAMY
pic
19 Few

Türkmenistan bilen Seýşel adalary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň BAE-daky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi Baýram Baýramow bilen Seýşel Respublikasynyň BAE-daky Ilçisi Žerve Mumou arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns syýahatçylyk ulgamyna, şol sanda wiza meselelerine hem-de özara syýahatçylygyň giňeldilmegine gönükdirildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk, döredijilik toparlarynyň saparlary we medeni ç...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkmenistanly okuwçylar Dubaýda geçirilen iWISE Global Final 2026-da 12 medal gazandy

Türkmenistanly okuwçylar 2026-njy ýylyň 14-16-njy fewral aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen «iWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandylar. Topar 2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal eýeläp, öz ýokary taýýarlygyny görkezdi. «Line Follower» ugry boýunça altyn medala Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selim Begmyradow hem-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Abduljelil Patyşagulyýew mynasyp boldular. Şeýle...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2026-njy ýylda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitarapl...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda bu ýurduň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirli...

DOWAMY
pic
5 Few

Dubaý şäherinde energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2026-njy ýylda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) dolandyryjy direktory Sultan Ahmed Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gaz puda...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026 maslahatynda eden çykyşy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026 maslahatynda eden çykyşy (Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly)   Hormatly Sammite gatnaşyjylar, Hanymlar we jenaplar, Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýä geosyýasy, ykd...

DOWAMY