SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky işini tamamlap gelýän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilen Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler adamzadyň saglygyna howp salýan we...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän özgertmeleriň many-mazmunyny wagyz etmek, Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmak, şeýle hem gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: 1.“Galkynyş” gazetiniň we “Wozroždeniýe” žurnalynyň redaksiýasyny “Watan” gazetiniň redaksiýasyna birleşdirmeli. 2. “Watan” gazetiniň redaksiýasyny “Galkynyş” gazetini...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammet Ilamanow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory wezipesine bellenildi. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we M.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn ugurlaryny aýratyn bellediler Taraplar sebitde durnuk...
ÝAŞ ESTRADA AÝDYMÇYLARYNYŇ “ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY” BÄSLEŞIGI JEMLENDI
Paýtagtymyzda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş estrada aýdymçylarynyň bäsleşigi ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmäge hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine, zehinlileri ýüze çykarmaga we goldamaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ruhubelent ýaş nesli Watanymyzyň bagtyýar geljegi hasaplaýar we şu maksada ugrukdyrýar. Magtymguly adyndaky Ýaşl...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda”göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomob...