SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝANYŇ LUKMANÇYLYK TOPARLARYNYŇ WEKILINI KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul etdi. Professor duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hem-de lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplanylan saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemişe goldaýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň maksada gönükdiril...
TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşay işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselele...
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda...
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda...
ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY
2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada...
MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar Şu gün Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleriniň we Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşar...
TÜRKMENISTANDA FRANSUZ DILI BAÝRAMY BELLENILDI
Şu gün, 26-njy noýabrda tutuş dünýäde Fransuz dili mugallymynyň güni bellenildi. Bu baýramy Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makron tutuş dünýä boýunça fransuz dili mugallymlarynyň 900 müňüsine hormat goýmak üçin döretdi. Häzirki wagtda fransuz dili – dünýäde ýaýraýşy boýunça bäşinji dildir, onda 300 million adam gürleýär. Iňlis dilinden soň ol dünýäde iň köp öwrenilýän dil, telekeçilikde üçünji, halkara maglumatlarynda ikinji we Internetde – dördünji dildir. Fransuz dili...