SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARY — WIRTUAL SERGIDE
Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri sergä taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, «Wirtual sergi» taslamasynyň durmuşa g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Izmir welaýatynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerin...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit koksyny, özbegistanly işewürler polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, tri...
TÜRKMEN MANADY — MILLI YKDYSADYÝETIMIZI BERKITMEGIŇ WAJYP GURALY
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýyl...
HATYRA BAGLANŞYGY: GURBANNAZAR EZIZOWA BAGYŞLANAN EDEBI-SAZLY DUŞUŞYK
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan çäre boldy, diri gezip ýörenliginde ol şu ýyl 80 ýaşamalydy. Paýtagtymyzyň esasy ýokary okuw jaýynyň medeni-magaryf çäresini geçirmek üçin saýlanyp alynmagy tötänden däl. Bu ýerde şahyryň agtygy Aýtäç Orazowa iňlis dili mugallymy bolup işleýär, ol HYYweÖU-niň rektoratyna talyp ýaşlar üçin Gurbannazar Eziziowy dostluk ýa-da döredijilik gatnaşyklary bi...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...
AŞGABATDA MEDENIÝET ULGAMYNYŇ TÄZE BINASY IŞE GIRIZILDI
Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli h...