ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem Günüň dogýan ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady we ýurdumyzyň Ýaponiýany ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Ýamamoto Hiroýukini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa hil taýdan täze derejä çykan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ýaponiýaly diplomat döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýär. Abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa hem-de Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýurdumyzda bolan saparlarynyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi. Şol saparlaryň netijeleri boýunça dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen anyk ylalaşyklar gazanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaponiýaly diplomat özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar we wekiliýetleriň alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär.
Dünýäde meşhur ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegi, möhüm ähmiýetli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy uzak möhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, energetika, nebit hem-de gazhimiýa, ulag we logistik ulgamlary, şeýle-de beýleki geljegi uly pudaklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýaponiýaly diplomat ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellediler. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we ýaponiýaly diplomat Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzak möhletli strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklara berk ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.