آخر الأخبار
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-25-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäräni Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi gurnadylar. Çärä HHR-nyň hökümet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, paýtagtyň häkimliginiň, ylmy-barlag institutlaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, Pekinde işleýýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhan...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda medeni hukuklara ählumumy hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy. Duşuşykda Guramanyň halkara gümrük hyzmatdaşlygy babatda geljegi bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, Türkmenistanyň döwrebap infrastuktura desga...
BRÝUSSELDE TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Belgiýa patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belgiýa tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aksel Kenes ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekd...
BRÝUSSELDE «ÝB - TÜRKMENISTAN» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan wekiliýete Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy B.Ýaroşewiç baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, şeýle hem A...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIII FORUMYNA GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda Astanada Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy. GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýe...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...