آخر الأخبار
AŞGABATDA HALKARA YLMY HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabatda Ylymlar gününe gabatlanylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara forum öz işine başlady. Maslahatyň işine Türkmenistanyň alymlary, mugallymlary we ýaş alymlary, şeýle hem otuzdan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-niň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispa...
AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
AŞGABATDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylyml...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyn...
TÜRKMENISTAN WE PORTUGALIÝA HYZMADAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Portugaliýanyň DIM-niň Ýörite wekili, Portugaliýanyň Türkiýe Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Paula Leal da Silwa bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaş...
PARLAMENTARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Parlamentara Birleşiginiň Baş Sekretary (PB) Martin Çungong bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Parlamentara Birleşiginiň işiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan PB-ni dürli döwletler hem-de PB-niň milli parlament wekiliýetleri bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam...
Press-Reliz
Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk - ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň üns merkezinde «Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hy...