Türkmenistanyň ilçisi ADIHEX 2026 sergisinde «Al Asima» atçylyk klubunyň eýesi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 31-nji awgustynda Abu-Dabi şäherindäki ADNEC sergi merkezinde geçirilýän 23-nji Abu-Dabi halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň (ADIHEX) çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Al Asima» atçylyk klubunyň eýesi jenap Hamdan Hamad Mubarak Hamad Al-Sulaýti bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Klub uzak aralyga atly ýaryşlar boýunça ýöriteleşýär we Türkmenistanda geçirilýän atly sport ýaryşlaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi. Türkmen tarapy klubuň agzalary we gyzyklanma bildirýän beýleki adamlar üçin ahalteke bedewine bagyşlanan dürli çäreleri geçirmegi teklip etdi.
Ilçi söhbetdeşine 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki Pilbergen atçylyk merkezinde ilkinji gezek geçiriljek ahalteke atlarynyň bäsleşigi barada maglumat berdi. Bäsleşik halkara tomaşaçylara niýetlenip, ahalteke bedewini dünýäde tanatmagy maksat edinýär.
Ilçi klubuň hormatly myhmanlar kitabynda ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we kluba sapar guramak barada ylalaşdylar.