img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi ADIHEX 2026-da Abu-Dabiniň at we düýe hassahanasynyň wekilleri bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda Abu-Dabi Awçylyk we atçylyk sporty boýunça halkara sergisiniň (ADIHEX) çäginde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikrindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabiniň at we düýe hassahanasynyň (Abu Dhabi Equine & Camel Hospital) wekilleri hem-de hünärmenleri bilen duşuşyk geçirdi. Hassahana atlar we düýeler boýunça dünýäde ilkinji goşa ugurly referens merkez bolup, onuň Al-Watba etrapçasynda binasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Açylyşy bolsa 2026-njy ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirilýär.

Duşuşykda weterinariýa, atçylyk we hünärmenleri taýýarlamak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň amaly mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri, ýagny Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde weterinarlary taýýarlamak, şeýle hem Arkadag şäherindäki täze Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi barada gürrüň berdi. Ylmy işleriň we maglumatlaryň alşylmagy, bilelikdäki neşirler, gysga möhletli okuw maksatnamalary, tejribe alyşmalar we ussatlyk sapaklary geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi.

Ilçi 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kroneberg şäherindäki Pilbergen atçylyk merkezinde ilkinji gezek geçiriljek ahalteke atlarynyň çempionaty barada habar berdi. Bäsleşik halkara tomaşaçylara niýetlenendir we ahalteke tohumyny dünýä derejesinde wagyz etmäge gönükdirilendir.

Taraplar aragatnaşygy dowam etdirmek, hassahananyň açylyşyndan soň Ilçiniň aýratyn saparyny guramak, şol sanda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has içgin ara alyp maslahatlaşmak üçin onuň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmek barada ylalaşdylar.