img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Abu-Dabide BAE-niň zenan suratkeşini kabul etdi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Ilçihanada BAE-niň suratkeşi hanym Faize Mohammed Hasany kabul etdi.

Şarja şäherinden bolan suratkeş Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk sport merkezinde 4-6-njy sentýabr aralygynda geçirilýän Ahalteke bedewleriniň 2026-njy ýyldaky bäsleşiginiň çäginde guralan «Ahalteke bedewi: gözelligiň kämil nusgasy» atly halkara çeperçilik bäsleşigine gatnaşdy. Onuň ýagly boýaglar bilen çekilen «Golden Spirit» atly eseri suratkeşiň Ahalteke atyna bagyşlan ilkinji işi bolup, onuň sözlerine görä, ol iki ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşanydyr. Eser Ilçihana gowşurylyp, ol ýerde myhmanlaryň synlamagy üçin goýlar.

Ilçi Faize Mohammed Hasana minnetdarlyk hatyny gowşurdy hem-de şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda bellenilýän türkmen halkynyň mirasyna görkezen ünsi we çeperçilik bäsleşigine gatnaşany üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda medeni alyş-çalyş ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.