img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynda «Neopharma LLC» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Ilçihanada BAE-niň öňdebaryjy derman öndürijileriniň biri bolan «Neopharma LLC» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen kompaniýasynyň arasynda derman senagaty ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda ýokary hilli derman serişdeleriniň üpjünçiligini, hünär tejribesini alyşmagy, tehnologiýalary geçirmegi we önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmekde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny belledi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bellenilen ugurlar boýunça gepleşikleri dowam etdirmek, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen aragatnaşygy ýola goýmak barada ylalaşdylar.