Kuweýt Döwletiniň Abu-Dabi şäherindäki Ilçihanasynda geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Kuweýt Döwletiniň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Serdar Garajaýew bilen Kuweýtiň Ilçisi Jamal Al-Ghunaimiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we gumanitar ugurlardaky iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy Kuweýt döwletiniň ýolbaşçylarynyň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçiriljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet we hökümet baştutanlarynyň Halkara forumyna gatnaşmagy meselesi boldy. Ilçi S.Garajaýew Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň çakylyklaryna oňyn jogabyň alynmagynda we bu işleriň tizleşdirilmeginde ýardam berilmegini haýyş etdi.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Kuweýt Döwletiniň paýtagtynda iki ýurduň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriň ikinji mejlisini guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin yzygiderli aragatnaşyklaryň we geňeşmeleriň möhüm gural bolup durýandygyny nygtadylar.