Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynypň arasynda geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda kompaniýanyň wekilleri öz alyp barýan taslamalaryna Gazagystanyň nebit we gaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek islegleriniň bardygyny mälim etdiler. Türkmen tarapy öz gezeginde goňşy ýurtlaryň iri halkara gaz taslamalaryna gatnaşmagyny yzygiderli goldaýandygyny nygtady.
«ADNOC» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdullah Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmek taslamasynyň üçünji tapgyry bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
2022-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine eden saparlarynyň dowamynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki işleri kesgitleýän möhüm resminamalara gol çekildi we olaryň netijesinde nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk has-da güýçlendirildi. Bu şertnamalaryň durmuşa geçirilmegi häzirki wagtda kanuny, täjirçilik, maýa goýum, maliýe we tehniki taraplaryny jikme-jik öwrenmek we amala aşyrmak boýunça amallar işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.
Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek zerurdyr.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi