Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy dabarasy geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm tapgyryna öwrülen bu Teswirnama Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew we Seýşeller Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Jerwe Mumu tarapyndan gol çekildi.
Teswirnama, iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de berkitmek islegine esaslanyp, Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik we konsullyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar. Resminamada döwletleriň özygtyýarly deňligi, özara hormat, içeri işlere goşulyşmazlyk ýörelgeleri, şeýle hem BMG-niň Düzgünnamasy we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri nygtalýar.
Teswirnama gol çekmek dabarasyndan soň Ilçiler Türkmenistan bilen Seyşeller Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikler syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine, medeni alyş-çalyşlary artdyrmaga, şeýle hem bilim, syýahatçylyk we söwda ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirildi. Iki tarap hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda berk ygrarlydyklaryny beýan etdiler we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň möhümdigini bellediler.
Syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyndan başga-da, Türkmenistanyň we Seýşel adalarynyň arasynda medeni gatnaşyklary we syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ilçi Serdarmammet Garajaýew Türkmenistandaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan işleriniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny mälim etdi. Ol Seýşel adalaryndan gelýän syýahatçylara arassa kenarlary we dünýä derejesindäki dynç alyş merkezleri bilen tanalýan bu täsin ugruň mahabatyny güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini belledi. Ilçiler medeni alyş-çalyşy ösdürmegiň we syýahatçylygy ilerletmegiň dostluk gatnaşyklaryny berkitmek bilen bir hatarda özara ykdysady peýdalary hem gazanjakdygyny ylalaşdylar. Taraplar bu ugurda göni syýahatçylyk gatnaşylaryny ýola goýmak we her bir ýurduň özboluşly däp-dessurlaryny we gözel ýerlerini görkezýän medeni çäreleri gurnamak ýaly bilelikdäki başlangyçlary öwrenmäge taýýardygyny beýan etdiler. Syýahatçylygyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek, Türkmenistanyň we Seýşel adalarynyň halklaryny has-da ýakynlaşdyrmakda we biri-biriniň medeniýetlerine has gowy düşünmäge we olary gymmatlandyrmaga itergi berýän möhüm ädim boljakdygyny taraplar nygtadylar.
Dabara we ondan soňky duşuşyk, Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň arasyndaky özara hormat we umumy gymmatlyklary görkezýän dostlukly ýagdaýda geçdi. Duşuşykda taraplar oňyn we özara bähbitli gepleşikleriň geljekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin berk esasy döretjegine uly ynam bildirdiler. Geçirilen çäre iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini ýene-de bir gezek tassyklandy.