Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bütindünýä hökümetler sammitinde çykyş etdi

img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň dowamynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Sammitiň çäginde geçirilen «Ählumumy bileleşikleriň geljegi» atly sessiýada çykyş etdi.

Çykyşynyň dowamynda, Ministr dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm meseleleri çözmek boýunça Türkmenistanyň çemeleşmesini beýan etdi.

Türkmenistanyň halkara hukugyna hormat goýmak, özara bähbitleri nazara almak we durnukly ösüşiň bähbidine her bir ýurduň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasynda döwletleriň arasynda utgaşykly hyzmatdaşlygy goldaýandygy bellenildi.

Bu çemeleşme anyk başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi nygtaldy. Türkmenistan jogapkärli çemeleşmä, öňünden çaklama we açyklyga esaslanýan netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýar.

Çykyşda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk gurallary, şol sanda netijeli döwlet dolandyryşy, bilermen tejribeleriniň alyş-çalşygy, ulag arabaglanyşygy arkaly ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini açmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri beýan edildi.

Çykyşy dolulygyna aşakdaky salgydan tapmak bolar: https://www.mfa.gov.tm/tk/news/5874 we https://uae.tmembassy.gov.tm/tk/news/157583