img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory Mohamed Alşarhan bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Bütindünýä hökümetler sammitiniň üstünlikli geçirilendigini, oňa Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny, şeýle hem türkmen tarapynyň öňe süren we soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan başlangyçlary barada bellediler.

Şeýle hem taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de bitaraplyk, durnukly ösüş, ulag we özara baglanyşyk ugurlaryndaky mümkin bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet dolandyryşy babatda tejribe alyşmak boýunça 2023-nji ýyldaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegine, şeýle hem BAE-niň emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlaryndaky maksatnamalaryna türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.