Magtymguly we Saýat-Nowa - Türkmen-Ermeni ylmy konferensiýasynda mirasy täzeden gözden geçirmek

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, bilim edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan şertnamalar, ylalaşyklar we ähtnamalar esasynda hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Ylym-bilim babatda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy” durmuşa geçirmekligiň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň Türkologiýa kafedrasynyň müdiri, professor Aleksandr Safarýanyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranturasynda okap, Magtymgulynyň döredijiligi boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny goran, häzirki wagtda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amalýa Petrosýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli uzak aralykdan teleköpri arkaly türkmen dilinde “Türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň we ermeni aşyk-şahyry Saýat Nowanyň döredijiliklerinde ynsanperwer garaýyşlaryň we halk däpleriniň şöhlelenişi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde parahatsöýüjilik syýasatyň şöhlelendirilişi, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk ýaly häsiýetleriň adamzadyň durmuşynda tutýan orny, goňşuçylyk, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ulgamynda, şol sanda ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygyň ugurlary, türkmen we ermeni dostlukly halklaryň beýik söz ussatlary – Magtymguly Pyragynyň we Saýat Nowanyň döredijilik dünýäsi, ruhy-ahlak gymmatlyklary, olaryň eserlerinde ynsanperwerlik ýörelgeleri boýunça degişli ylmy maglumatlar esasynda pikir alşyldy. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň möhümdigini belläp geçdiler we geljekde hem ylmy-usuly tejribeleri paýlaşmak boýunça işleri dowam etmek, ylmy-amaly maslahatda gazanylan netijeleri okuw sapaklarynda özleşdirmek barada ylalaşdylar.
Ylym-bilim babatda daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, döredijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin ylmy-amaly maslahata gatnaşan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary Hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.