SANKT-PETERBURGDA TÜRKMENISTANLY GAHRYMANLARYŇ HATYRASYNA ÝADYGÄRLIGE GÜL GOÝMAK DABARASY BOLDY

photo

9-njy maýda Sakt-Peterburgyň «Mekan» Türkmen medeni jemgyýeti Beýik Watançylyk urşy ýyllary Leningrad, Wolhow we Karel frontlarynda wepat bolan türkmenistanlylaryň hatyrasyna Piskarýow gonamçylynda goýlan ýadygärlige gül goýmak dabarasyny gurady.

Ildeşlerimiziň bu ýadygärligi 2006-njy ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg we Russiýanyň Demirgazyk-Günbatar sebiti, «Mekan» Türkmen medeni jemgyýeti tarapyndan açyldy.

Her ýyl Beýik Ýeňşiň gahrymanlaryny hatyralamaga resmi wekilýetler, Sankt-Peterburgda kowçum ýaşaýan türkmenler, Sankt-Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar we başga-da ençeme adam gelýär. Şeýle hem «Mekan» TMJ-niň agzalary «Ölmez-ýitmez polk» çäresine hem gatnaşýarlar.

«Mekan» TMJ Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli we gahryman esgerleriň hatyrasyny ebedileşdirmek maksady bilen turkmenspb.ru saýtynda Leningrad, Wolhow hem-de Karel frontlarynda wepat bolan esgerleriň we serkerdeleriň sanawyny çap edýär. Bu çäre ildeşlerimiziň faşizmden üstün çykyp gazanylan Ýeňşe goşandy hakda taryhy hakydanyň saklanyp galmagynyň hatyrasyna guraldy. Munuň özi ýaş nesliň pederlerimiziň beýik işlerine hem-de gahrymançylygyna dahyllydygyna, halkyň şöhratly harby we zähmet däplerini dowam etdirmelidigine düşünmegi üçin wajypdyr.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14280