TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARY TAKYK YLYMLAR WE EKOLOGIÝA UGRUNDAN BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň (TITweUKI) guran ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky açyk II internet-olimpiadasynyň jemleýji tapgyry badalga aldy.

Aň-paýhas bäsleşigine ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň: paýtagtymyzyň, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz ş.), Türkmen döwlet energetika institutynyň (Mary ş.) we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat ş.) talyplary gatnaşýarlar.

Hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp bolan talyplar bäş dersde: taglymat mehanikasy, fizika, himiýa, informatika we ekologiýa dersleri boýunça güýçlini kesgitleýärller.

Onlaýn-olimpiadasyny geçirmek ideaýasynyň awtorlarynyň biri we onuň utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň maglumatlar we tehniki serişdeler bölüminiň başlygy Ata Jumagulyýewiň belleýşi ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky şeýle aň-paýhas bäsleşikleri ýaşlaryň innowasion ukyplaryny açmaga, talyplaryň wajyp işläp taýýarlamalary üçin sanly binýady işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Şu jähtden onlaýn-olimpiadanyň Ata Jumagulyýewiň ýolbaşçylygynda TITweUKI-niň IT-hünärmenleriniň işläp taýýarlan programmalaýyn binýadynda geçirilýändigini bellemek gerek. Meseleleriň çözülşiniň we eminler toparynyň netijesiniň aýanlygyna gözegçilik etmek üçin bäsleşige gatnaşýanlaryň her biriniň edil şol wagtdaky görkezijisi onlaýn görnüşde görkezilýär.

Internet-olimpiadanyň birinji tapgyry 11-12-nji maýda geçirilip, aýgytlaýjy tapgyra çykmaga hukuk gazananlar kesgitlendi. Olimpiadanyň jemleýji güni bäsleşige gatnaşýan paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän, şeýle hem daşoguzly, maryly we türkmenabatly talyplary telewizion köpri birleşdirer.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 26-njy maýda geçiriler. Onda baýrakly orunlary eýelänlere medallar we diplomlar gowşurylar. Bäsleşigiň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, geljekde olar TITweUKI-niň howandarlygyna geçirlýän açyk internet-olimpiada GDA ýurtlaryndan hem talyplary çagyrmagy göz öňünde tutýarlar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14332