DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR

photo

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde Ysraýyl Döwleti bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşygyň dowamynda saglygy goraýşyň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurtda hem bu ugruň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ysraýylyň saglyk ulgamynyň işgärleri Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesine, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işlere ýokary baha berdiler.

Bellenilişi ýaly, döwletimize dürli keselleriň aradan aýrylmagy hakyndaky birnäçe halkara güwänamalaryň gowşurylmagy hem-de COVID-19 howply ýokanjynyň ýokdugy durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar toplanan tejribäni we howply ýokanjyň öňüni almakda, bejermekde ulanylýan usullar hakynda maglumat alyşmak maksady bilen, uzak aralykdan geçirilýän duşuşyklaryň wajypdygyny nygtadylar.
 

***


Şeýle hem şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäheriniň Könbuk milli uniwersitet klinikasynyň alym-lukmanlary we hünärmenleri bilen göni aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onlaýn duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň ylym-bilim merkezleriniň we saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ilatyň saglygyny goramakda, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda hem-de şolary bejermekde alnyp barylýan işler boýunça tejribe alşylmagynyň derwaýysdygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri Türkmenistanda tutuş dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy alnyp barylýan göreş çärelerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara alym-lukmanlaryň Geňeşini döretmek we täze ählumumy wehime garşy bilelikdäki ylalaşykly hereketleri utgaşdyrmak üçin ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete girizmek barada öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14350