ATAJAN TAGANYŇ «KESEKI» ROMANYNYŇ FRANSUZ NEŞIRINIŇ JILTINIŇ DIZAÝNY SES BERMEK ARKALY KESGITLENER

photo

Aşgabatdaky işi medeni ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen Fransiýa institutynda «Keseki» taryhy romanyny fransuz dilinde neşir etmäge taýýarlygyň çäklerinde çäre geçirildi. Eseriň awtory, tanymal ýazyjy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Tagan çäräniň hormatly myhmany boldy.

Geçen ýyl bu kitabyň daşynyň dizaýnyna türkmen nakgaşlarynyň arasynda bäsleşik yglan edilipdi. Oňa 14 iş teklip edildi. Medeni merkeze gelýänleriň ählisi şol eserler bilen tanyşdylar, olaryň iň gowusy ses bermek arkaly kesgitlener. Awtorlaryň ady gizlinlikde saklanýar. Çärä gatnaşanlaryň ählisine talon paýlandy, onda halan suratyň belgisini görkezip, ony ses berilýän urna taşlamaly.

«Keseki» romany esasynda A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Gowşutgeldi Daňatarow bilen Serdar Nepesowyň pýesasy boýunça Aşyrmuhammet Rahmanowyň goýan belli «Biz hökman duşuşarys» spektaklynyň wideoýazgysy, şeýle hem oýnuň gahrymanlarynyň sahna lybaslary agşama taryhy-magaryf ruh çaýdy. Fransiýa institutynyň myhmanlary 19 asyryň ikinji ýarymynda bolup geçen üýtgeşik dartgynly wakanyň ruhuna aralaşdylar.

...Fransuz goşunynyň serkerdesi, nakgaş hem-de topograf Anri Kulibýof de Blokwil 1861-nji ýylda parslaryň Murgap jülgesine harby ýörüşine gatnaşan wagty tekelere ýesir düşýär. Türkmen halkynyň dilini, häsiýetini, däplerini, medeniýetini, ahlak gymmatlyklaryny öwrenen Blokwil oba adamlaryny ýürekden gowy görýär, olaryň dostuna öwrülýär. Olar ýesiri öz ýurduna «Biz hökman duşuşarys!» - diýip ugradýarlar.

Ol türkmenleriň arasynda bolanda gündelik ýöredipdir. Iline gaýdyp barandan soň Blokwil ýatlamalaryny we özünde galan täsirlerini «Türkmenleriňkide 14 aý ýesirlikde» at bilen neşir edilen kitabynda beýan edipdir.

Belki, bu taryhy waka barlagçylaryň az sanlysyna belli bolup galardy. Ýöne tanymal ýazyjy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Tagan bu wakany edebi taýdan işlenen görnüşde bermegi niýet edinýär, onsoň fransuz goşunynyň serkerdesi, nakgaş hem-de topograf Anri Kulibýof de Blokwil «Keseki» romanynyň gahrymany bolup galýar.

Bu merkezde fransuz dilini öwrenýän aşgabatly mekdep okuwçylary eseriň güýçli bölümleriniň birnäçesini sahnalaşdyrdylar. Ýaşajyk aktýorlaryň yhlas siňdirip ýürekden oýnan pursatlaryna agşama gatnaşanlar gowy baha berdiler.

Sese berlişigiň netijesi we döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisiniň ady ýene bir hepdeden belli bolar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14442