NAKGAŞ RAHMAN RAHMANOW – ATAJAN TAGANYŇ «KESEKI» ROMANYNYŇ FRANSUZ NEŞIRINIŇ SAHABYNYŇ AWTORY

Biz Atajan Taganyň «Keseki» romanynyň fransuz dilinde neşir edilmäge taýýarlanýandygyny we onuň sahabynyň dizaýnyny saýlamak üçin türkmen nakgaşlarynyň arasynda bäsleşik yglan edilendigini ozal habar beripdik. Onda Rahman Rahmanowyň işi ýeňiji diýlip yglan edildi.

Rahman žiwopis muşdaklarynyň arasynda tanalýan nakgaş. Ol Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika sungaty fakultetiniň kitap bezegi bölümini tamamlady, häzir öz hünär edinen ýokary okuw mekdebinde sapak berýär, kitaplary bezeýär we dürli žanrlarda surat çekýär.

Onuň suratlary bilen tanşanyňda bu işleri bir nakgaşyň çekendigine ynanasyň gelmeýär... Rahmanyň «Derwiş» atly grafiki işi meniň ünsümi özüne çekdi. Bir reňklidigine garamazdan, ol ýordum ekspressiýay, dürli şahyrana manylylygy bilen haýran edýär. Filosofiki manyly surat, meniň pikirime görä, žiwopisçiniň döredijilik gözlegleriniň, sungatda öz ýolunyň allýuziýasynyň metaforasy bolup görünýär.

-Men žiwopisde entegem öz stilimiň gözleginde – diýip Rahman berjek sowalymy duýan ýaly jogap berýär. – Meniň kitap bezegine höwesim çeper obrazlar arkaly hakyky durmuşy beýan etmäge, predmetleriň we pursatlaryň keşbinde assositaiw köpugurly düşünilmegini gazanmaga, filosofik göçme manylary bermäge islegimden gelip çykýar.

Rahman heniz talyp döwri Kerim Gurbannepesowyň «Oýlanma baýry» goşgylar ýygyndysyny bezedi. Şeýle hem «Görogly» we «Gorkut ata» eposlaryny, Atajan Taganyň «Serwi gelin» atly ýygyndysynyň hem surat bezegini ýerine ýetirdi. Ol «Ýusup-Züleýha» operasynyň sahna bezegine gatnaşdy, onuň döredijiligini Azerbaýjanda, Türkiýede we Kiprde gowy bilýärler. Nakgaş iki gezek (2008 we 2011-nji ýyllarda) Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Kitap bezegi näme? Bu awtoryň pikirini aýdyňlaşdyrmak, ýordumyny janlandyrmak, okyjylaryň düşünjesine göwrüm bermek. Işi zehinli ýerine ýetirmek üçin eseriň edebi durkuna öz şahsy garaýşyňdan we oňa düşünmekden ony çeper beýan etmäge çenli çylşyrymly ýol geçmeli, kitap bezegini eseriň manysynyň özenine takyk gabat getirmeli...

Rahman Rahmanow muny başarýan nakgaş, bu, belki-de, onuň dürli tarapdan zehinlidigi sebäpli bolsa gerek. Ol mydama gözlegde, nakgaşyň işleri ekletik. Rahmanyň žiwopis stilleri we tilsimleri bilen tanşanyňda olarda sýurrealizme we realizme, abstraksiýa we grafika, awangardizme we impressionizme gabat gelýärsiň...

-Surat çekmäge we taryha gyzyklanmagym çaga döwrümden bäri esasy pişäm boldy. Bu-da meniň çeperçilik dünýägaraýşyma täsir etdi – diýip Rahman gürrüň berýär. – Belki, meniň awtorlyk stilim birneme epiki we filosofik manylydyr – maňa görenimi ýa-da bilenimi ýöne çekäýmek ýetik däl, men işlerimde many bolaryny, olaryň metafora dilinde «gürlärini» isleýärin. Häzir-ä haýsy žanry halaýanymy aýdyp biljek däl, men dürli usullary synap görmegi, olara aň ýetirmegi, özüm üçin haýsydyr bir täzeligi açmagy halaýaryn, eger-de olar seslenme tapýan bolsa, gyzyklandyrýan ýa-da jedel döredýän bolsa --- diýmek, meniň ýolum dogrudyr...

Dünýä giň möçberli düşünmäge höwesde hem ýaş, zehinli, özboluşly žiwopisçi Rahmanyň şahsy ýörelgesi öz beýanyny tapýar.

«Keseki» kitabynyň sahabynyň meniň bezegimde Fransiýada neşir edilmegine begenýärin. Men Atajan Taganyň zehinine uly sarpa goýýaryn, onuň syýahatçy we alym, türkmen halkynyň dilini we medeniýetini içgin gyzyklanyp öwrenen, bütin ömrüne biziň güneşli topragymyzy mähir bilen ýatlan gahrymany ruhy babatda maňa golaý adam. Meniň şu assosiasiýlarymam suratyň ýordumynda we reňklerinde öz beýanyny tapdy, onuň gahrymany bu köpröwüşli dünýäniň bir bölegi bolup galdy.
 

* * *


Aşyrmuhammet Rahmanowyň sahnalaşdyran «Biz hökman duşuşarys» atly spektakly köp wagt bäri A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Atajan Taganyň «Keseki» romanynyň fransuz diline neşir edilmäge taýýarlanylýan häzirki döwürde ýüreklere gozgalaň berýän sahna wakalary hasam gyzyklanma döredýär.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14554