MEKDEP NÄMEDEN BAŞLANÝAR: MEKDEBE ÇENLI BILIM ULGAMYNDA INNOWASIÝALAR

Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji sentýabrda Aşgabatda 21-nji ýörüteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy. Toplumda umumybilim berýän mekdebiň we mekdebe taýýarlyk toparlarynyň binalary bar. Çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda ýörüteleşdirilen merkez dilleri çuňňur öwretmäge we kompýuter sowatyny özleşdirmäge gönükdirilendir.

Biziň habarçymyz toplumyň ýaşajyk okuwçylarynyňkyda myhmançylykda boldy we taýýarlyk toparynyň 320-si üçin okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy bilen tanyşdy.

Iki gatly binada hersi 20 okuwça niýetlenen 16 topar ýerleşýär. Bäş ýaşly çagalar üçin mekdebe taýýarlyk sapaklaryň düzülen tertibine laýyklykda başlandy. Onda türkmen, iňlis we rus dillerini öwretmäge uly üns berilýär – okuw sagatlarynyň köpüsi şol derslere berlen.

Çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda dilleri öwretmekde oýun arkaly sapak bermek usuly ulanylar. Okuw otaglary interaktiw tagtalar, şeýle hem görkezme we beýleki zerur esbaplar bilen üpjün edilen. Toplumyň binasynda lingafon kabinetleri we kompýuter otaglary hereket edýär.

Şeýle hem körpeler «ylymlar melikesiniň» esaslaryny öwrenýärler, okamak we ýazuw endiklerini özleşdirýärler. Surat çekmek, plastilinden zat ýasamak, konstruirleme, tebigaty öwrenmek, edebiýat boýunça sapaklar çagalaryň döredijilik pikirlenşini ösdürmäge gönükdirilendir.

Bedenterbiýä we işjeň dynç alyşa islegi höweslendirmek üçin giň, ýeterlik derejede enjamlaşdyrylan sport zallary we ýapyk howdan çagalaryň ygtyýarynda. Çagalaryň doly derejeli we ýokumly naharlanmagyna uly üns berilýär. Ýatyş otaglary-da owadan bezelen. Umuman, otaglaryň amatly ýerleşdirilişi, dizaýny, işiniň guralşy we sanly enjamlar milli bilim gurşawynyň innawasion ösüşe ugur alandygyna şaýatlyk edýär.

Binanyň töwereginde oýun meýdançalary we gezelenç zolaklary guralan, bag ekilen. Bir söz bilen aýdanyňda, çagalaryň sazlaşykly ösüşi, keýpiçaglygy we olaryň tejribeli hem-de kreatiw pikirlenýän mugallymlaryň ýolbaşçylygynda zerur bilimleri özleşdirmegi üçin oňaýly hem-de estetiki gurşaw döredilipdir.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14788