LEBAP WELAÝATYNYŇ YKDYSADYÝETI: ÝÜPEK ÖNÜMLERINIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI WE ENERGETIKANYŇ ÖSÜŞI

photo

Matalaryň, halylaryň we tikinçilik öümleriniň täze görnüşleri Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň önümleriniň üstüni ýetirdi. Özboluşly reňkli we teksturaly önümler alyjylaryň isleglerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylyp, önümçilige goýberildi.

Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň iri dokma kärhanasynda önümiň hilini ýokarlandyrmagyň we görnüşlerini artdyrmagyň netijeli serişderleri gözlenilýär. Muňa işgärleriň hünär ussatlygy, netijeli marketing barlaglary we ýokary tehnologiýaly enjamlar ýardam edýär.

Ýylyň başyndan bäri kärhanada 7 million inedördül metr nah we çärýek million inedördül metre golaý ýüpek matalar, şeýle hem daşarky bazarlarda ýokary islegli 50 tonnadan gowrak ýüpek ýüplük öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ýüpek haly öndürilişi 40 göterimden hem artdy.

 

***

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky «Watan» Döwlet gazturbinaly elektrik stansiýasynda bir milliard kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi.

Amerikanyň dünýä belli General Electric kompaniýasynda öndürilen gazturbinaly enjamlaryň üçüsi bilen enjamlaşdyrylan elektrik stansiýasynyň 2016-njy ýylda işe girizilmegi diňe bir içerki islegleri kanagatlandyrman, eýsem elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmakda-da wajyp ähmiýete eýe boldy.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap wealýatynda-da senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, baý tebigy serişdeleri özleşdirmek hem-de halkara ähmiýetine eýe bolýan ulag pudagyny çalt depginlerde ösdürmek bilen baglanşykly düýpli özgertmeler bolup geçýär.

Ykdysady özgertmeler jähtinden elektrik energetikasynyň düzümleri çalt depginlerde ösdürilýär we türkmen elektrik energiýasynyň eksporty, ozaly bilen, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilişi artdyrylýar. Häzirki wagtda Çärjew etrabynyň çäklerinde kuwwatlylygy 432 megawtt bolan iň döwrebap täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14996