GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek Türkmenistanyň gurluşyk, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, gurluşyk önümçiligi we senagat ulgamynyň işiniň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Olara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa tutuş halk hojalygynyň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär.
Türkmenistan kuwwatly, döredýän döwletdir
Gurluşyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar milli Liderimiziň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen taryhy mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak maksady bilen, ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki toplumlary bilen birlikde gurluşyk ulgamynda hem döredijilikli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtaýşy ýaly, diňe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda 1 milliard 765 million manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Şol döwürde 2 sany Saglyk öýi, orta mekdep, 216 kilometr inženerçilik ulgamlary we desgalary, 510 kilometre golaý aragatnaşyk ulgamlary, umumy meýdany 792,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi.
Dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri asyrlara barabar bitirilen işler hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amal edilen şeýle işler eziz Watanymyzyň ösüşlerine buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda hem gurluşyk ulgamynda netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 116,1 göterim berjaý edilip, ösüşiň 124 göterime barabar bolandygy hem şaýatlyk edýär. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi, ösüş 108,8 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Diýarymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Medeni-durmuş, senagat maksatly desgalaryň, energetika toplumlarynyň, gaz geçiriji ulgamlaryň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde gurlan Olimpiýa şäherçesi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen ajaýyp toplumlar, sebitlerde döredilen oba-şäherler, taslamasyna badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, «Aşgabat-siti» adyna eýe bolan täze şäheriň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde şäherçeleriň taslamasy hem-de ýene-de ençeme binalar toplumlary eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş, şähergurluşyk babatda täzeçil ýörelgeleriň mekanyna öwrülendigini alamatlandyrýar.
Diňe Aşgabat şäherinde ýa-da welaýat merkezlerinde däl, eýsem, iň çetki obalarda hem ýaşaýyş jaý we medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurulýandygyny aýratyn bellemek möhümdir. Çünki munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap obalaryň 15-siniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman ýol-ulag düzümini döretmek islendik ýurduň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Bu gün ýurdumyzda gurulýan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollar paýtagtymyzy alysdaky sebitler bilen birleşdirer. Şeýle taslamalaryň biri hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen gurluşykçylary bu ýoly 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarlar.
Şeýlelikde, geçirilýän işleriň gerimi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklary gurluşyk materiallary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça ähli zerur bolan işler alnyp barylýar.
Hut şu belent maksatlar bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen öňki Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de onuň «Türkmensenagat» agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar gurulýar hem-de bar bolanlarynyň kuwwaty artdyrylýar.
Bu bolsa Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olaryň eksportyny artdyrmaga uly mümkinçilik berýär. Ministrligiň garamagyndaky senagat kärhanalarynda esasy gurluşyk serişdeleri bolan sement, magdan däl materiallar, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin we maşyngurluşyk önümleri öndürilýär.
Ministrligiň önümçilik düzümi «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlaryndan, Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirliklerinden we Galaýmor, Bereket kän hojalyklaryndan, «Türkmenaýnaönümleri», «Türkmendemirönümleri», «Nebitmaş» döwlet kärhanalaryndan, «Demirbetonönümleri» we «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasyndan, Ýaşlyk keramzit zawodyndan, Gazbeton öndürýän zawoddan, «Polimer önümleri» zawodyndan, Demir mehaniki kärhanasyndan, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden, «Senagattaslama» taslama institutyndan, «Senagatçy» myhmanhanasyndan we Gurulýan desgalaryň direksiýasyndan ybaratdyr.
Milli senagatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri-de sement önümçiligidir. Ministrligiň «Bäherden», «Balkan» sement zawodlarynda häzirki wagtda täze, innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän portland kysymly sementiň dürli görnüşleri öndürilýär.
«Türkmenaýnaönümleri» kärhanasynda her ýylda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa 400 müň inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik bar.
Bu ýerde «float» tehnologiýasy esasynda termopolirlenen dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşinde öndürilýär. Mundan başga-da, kärhanada dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň onlarça görnüşini çykarmak ýola goýuldy. “Türkmenaýnaönümleri” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň görnüşini köpeltmek we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň her ýylda 90 müň tonna demir önümleriniň dürli görnüşini öndürmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde dürli diametrli gurluşyk armaturalary öndürilýär.
«Demirbetonönümleri», «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanalarynda, Gazbeton öndürýän zawodda, Ýaşlyk keramzit zawodynda diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, örtgi hem-de bassyrma plitalar, basgançak meýdançalary, yşyklandyryş we demirbeton sütünleri, keramzit we beýleki köp sanly gurluşyk materiallary taýýarlanylýar. «Nebitmaş» döwlet kärhanasynda döwür bilen ugurdaş täzelikler önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti dürli ölçegli potolok çyralaryň önümçiligini işe girizdi. Kärhananyň bir ýylda potolok çyralaryň 300 müňüsini, dürli görnüşli LED yşyklandyryjylaryň 8 million 440 müňüsini öndürmäge mümkinçiligi bar. Bu önümler elektrik energiýasyny tygşytlaýjylygy, yşyklandyryş möhletiniň uzaklygy hem-de ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde elektron maglumat tagtalaryň, şeýle hem başlangyç synplar üçin niýetlenen öwrediji kompýuterleriň hem-de dürli ölçegdäki telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kän müdirliklerinde we kän hojalyklarynda öndürilýän dürli görnüşdäki magdan däl gurluşyk materiallary (daş owuntygy, owradylyp baýlaşdyrylan çäge, çagyl-çäge garyndysy) gurluşyklarda giňden ulanylýar.
Gurluşyk üçin bezeg serişdelerini «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öndürýär. Ösen ýurtlaryň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada ýokary hilli dürli galyňlykdaky bezeg daşlary, arhitektura şekilleri, sütün örtgi plitalary, ýolýaka jähek daşlary we beýlekiler öndürilýär.
«Polimer önümleri» zawodynda dürli göwrümli turbalar we geçirijiler gurlanda ulanylýan beýleki goşmaça enjamlar, şeýle hem halk hojalygynda giňden peýdalanylýan maýyşgak gurşawlar, azyk önümlerini salmaga niýetlenen bir gezek ulanylýan gapjagazlar, bulgurlar we başga polimer önümleri öndürilýär.
Gazbeton öndürýän zawodda gazbeton bloklary öndürilýär we bu önüm ekologiýa taýdan arassa, adaty kerpiçlerden 3-4 esse ýeňil we ol binanyň umumy agramyny peseldip, onuň seýsmiki durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Bu önümleriň başga-da köp artykmaçlyklary bardyr.
«Senagattaslama» taslama institutynyň hünärmenleri tehnologik we kadalaşdyryş resminamalaryny işläp taýýarlaýarlar, inženerçilik gözlegleri we topografiýa-geodezik işlerini, barlaghana seljermelerini we beýleki işleri alyp barýarlar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararynyň esasynda, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 1 million tonna bolan sement zawodlaryny gurmak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurmak üçin enjamlary satyn almak, Balkan kän müdirliginiň diwar materiallaryny öndürýän önümhanasynyň binasyny düýpli abatlamak hem-de enjamlary gurnamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklary artýar
Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ynamly giňeldip, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini görkezýär. Elektrik energetikasy onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm pudagyň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini kemala getirmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şertleri jemlenendir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurt maýasyny çekmek arkaly bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, taryh üçin gysga möhletiň içinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalaryny gurmak, energetika kuwwatlyklaryny ençeme esse artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň täze müňlerçe kilometrini gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek başartdy. Munuň özi Türkmenistanyň energiýa garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň ägirt uly mümkinçiliklerine eýe bolan ýurda öwürmäge itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň energetika syýasaty milli elektrik energetikasynyň ýakyn onýyllyklar üçin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitledi, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagy boýunça anyk ädimleri belledi.
Oňa laýyklykda, 2006-njy ýylda umumy kuwwaty 254,2 megawat bolan iki gaz turbinaly desgaly Aşgabat Döwlet elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. 2007-nji ýylyň dekabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly taryhy Kararnamasyny kabul etmeginiň 12 ýyllygynyň öňüsyrasynda şeýle kuwwatlykdaky Daşoguz Döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi.
Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň 15 ýyllygynyň bellenilen ýylynda bolsa şeýle gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň birbada üçüsi Ahal welaýatynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Balkanabat şäherinde peýda boldy. Kuwwaty 126,4 megawata barabar bolan üç gazturbinaly elektrik stansiýasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem işe girizildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» elektrik energetikasynyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmaga itergi berdi. Oňa laýyklykda, 2013-nji ýylyň ahyrynda Ahal DES-de kuwwaty 395,9 megawat bolan kiçi gazturbinalarynyň üçüsi ulanmaga berildi.
2014-nji ýylda kuwwaty 149,2 megawata barabar bolan Lebap Döwlet elektrik stansiýasy işläp başlady. 2015-nji ýylda Ahal welaýatynda Derweze DES-ni ulanmaga berildi. Onda ornaşdyrylan gazturbinaly desgalaryň dördüsiniň umumy kuwwaty 504,4 megawata barabardyr.
Şol ýyllaryň dowamynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen, Mary welaýatynda gazturbinaly elektrik stansiýasy guruldy. 2016-njy ýylda Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda döwrebap «Watan» elektrik stansiýasy hem işläp başlady.
Ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň iň täze taryhynda 2018-nji ýylyň 8-nji sentýabry aýratyn orun eýeleýär. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary DES-niň çäginde Merkezi Aziýadaky iň iri ýokary tehnologiýaly utgaşykly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy.
Onuň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energetikasynyň öňdebaryjy kärhanasynyň umumy kuwwaty iki esse artdy. Munuň özi daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini 3 milliard kilowat sagada çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawata barabar bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Bu taslama «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Hitachi Power Systems» (Ýaponiýa), «Rönesans Holding» türk kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzüminde umumy kuwwaty 6 müň 511,2 megawat bolan döwlet elektrik stansiýalarynyň 12-siniň, önümçilik elektrik ulgamlaýyn birleşikleriň 6-synyň, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça gurluşyk-gurnama kärhanasynyň hereket edýändigini bellemelidiris. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, iri energetika desgalarynyň ýene-de 7-sini gurmak göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 9-njy sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy taslama kuwwaty sagatda 70 megawata barabar bolan gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň ikisiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi, ilkinji nobatda, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň milli ykdysadyýetimiziň nebit önümleriniň esasy görnüşlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak we olaryň daşary ýurtlara iberilmegini üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň esasy senagat merkezleriniň birine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak hakynda 2012-nji we 2014-nji ýyllarda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, paýtagtymyzyň çäginde döwrebap elektrik beketleriniň gurlandygyny we ulanmaga berlendigini, howa elektrik geçirijileriniň ýerasty elektrik geçiriji ulgamlara çalşylandygyny bellemelidiris.
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyz bilen türkmen elektrik energiýasynyň eksport edilýän Eýran Yslam Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary aýratyn bellemelidiris.
2018-nji ýylyň iýul aýynda geçirijilik ukyby sagatda 100 megawat bolan, uzynlygy 112 kilometrlik Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi Owganystana uly kömek berilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir.
Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda beketleri gurdular. Öňden hereket edýän Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamlar bilen birlikde, Rabatkaşan — Kalaýnau ulgamy goňşy ýurduň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň taslamasy möhüm ähmiýete eýedir. Ol TOPH gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýär. Şu ýylyň 1-nji fewralynda meşhur «Çalik Holding A.Ş.» türk kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolup durýan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen bilelikde Mary DES-i — Hyrat şäheri (EYR) ugry boýunça TOP-nyň türkmen böleginde güýjenmesi 220 kW bolan täze ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmäge badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi.
Elektrik geçirijiniň gurluşygynyň doly tamamlanmagy onuň düzümleýin desgalarynyň ählisini energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer.
Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň energetika pudagynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de dünýäniň işewür toparlarynyň we maýadarlarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezýär. Şol forumlara Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan esasy kompaniýalar hem-de ugurdaş düzümler işjeň gatnaşýarlar.
Gurulýan döwrebap obalary, täze önümçilikleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, pudagyň işgärleri elektrik energiýasyny öndürmegiň täze taslamalaryny teklip edýärler. Günüň we ýeliň energiýasyny ulanmak arkaly onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň geljegi uly hasaplanylýar.
Aşgabatda täze şäheriň, Balkan welaýatynda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obanyň meýilleşdirilen gurluşygynyň çäklerinde bu energiýa çeşmelerini ulanmagyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewral aýynda Mejlisiň deputatlary bilen bolan duşuşykda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bolsa ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň ylmy işläp taýýarlamalara gyzyklanmasyny höweslendirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Himiýa senagatynyň batly gadamlary
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ugurdaş ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 24-nji awgustyndaky «Türkmenhimiýa» döwlet konsernini döretmek we onuň meseleleri hakynda» Karary esasynda döredildi.
Türkmenistanyň himiýa pudagynyň öňünde durýan ileri tutulýan esasy wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral we gidromineral gorlaryndan doly we netijeli peýdalanmak bolup durýar.
Bu strategik ugur tebigy baýlyklary diňe bir gazyp almak bilen çäklenmän, eýsem, olary täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň esasynda gaýtadan işlemegiň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygynyň durnukly ösmegi üçin himiýa önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan dürli görnüşli ýokary hilli himiýa önümlerini öndürip, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan hem-de daşary ýurtlardan getirilýän himiýa önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmekden ybaratdyr.
Türkmenistan uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Himiýa senagaty, esasan, uglewodorod serişdeleri we dag-magdan çig mallaryny gaýtadan işlemegiň içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan mineral dökünleri, mineral we gidromineral gorlary özleşdirmegiň netijesinde, ýod, brom we olaryň önümlerini, natriý sulfatyny, tehniki uglerody, nahar we tehniki duzlary ýaly beýleki himiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümine 9 sany önümçilik kärhanasy, ýurdumyzyň sarp edijilerini, şol sanda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler we beýleki himiýa önümleri bilen üpjün edýän «Dökünhimiýa» kärhanasy, gurluşyga gözegçilik edýän «Garabogazkarbamid» direksiýasy hem-de Türkmenabat şäherindäki tehniki orta okuw hünär mekdebi girýär.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän önümler dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýär. Himiýa pudagyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri we beýleki himiýa önümlerini öndürmek boýunça soňky ýyllarda iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Mysal üçin, 2014-nji ýylda Mary welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody guruldy. 2016-njy ýylda Lebap welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna bolan kükürt kislotasyny öndürýän önümhana açyldy, 2017-nji ýylda kuwwatlylygy ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumy, 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna ammiak öndürýän «Garabogazkarbamid» zawody ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talabyna laýyklykda, ýokarda agzalan toplumlar innowasion enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Şonuň ýaly-da, himiýa önümlerini, esasan hem, karbamid dökünini Hazar deňziniň üsti bilen daşary ýurtlara eksport etmek üçin Garabogaz şäherindäki gämi duralgasynyň durky täzelendi. Bu gämi duralgasy «Garabogazkarbamid» zawodynyň önümini ammardan göni gämä ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen konweýer ulgamyna eýe bolup, onuň bir wagtda iki gämä hyzmat etmek mümkinçiligi bardyr.
Şol taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, ýagny Ýaponiýanyň «Kawasaki Plant Sistem Ltd.», «Sojits Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Mitsui Engineering» we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC), şeýle-de Türkiýäniň «Renessans Türkmen» we «Gap Inşaat» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edildi.
Bulardan başga-da, ýod önümçiligini artdyrmak babatynda «Bereket» zawodynyň «Çukurguýy» ýod meýdançasynda tehniki ýod öndürýän tejribe-senagat desgasy ulanmaga berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» himiýa pudagy boýunça geljekde ýene-de birnäçe önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň azotly dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Mary şäherinde azotly dökünleri öndürýän toplumyň, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda kuwwatlylygy ýylda 300 müň tonna bolan konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän önümhananyň, Lebap welaýatynda Garabil kaliý duzlarynyň ýatagynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 400 müň tonna bolan kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň, Balkan welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna bolan karbamid öndürýän zawodyň ikinji tapgyrynyň, düzümi ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek boýunça önümçilik-tehniki kuwwatlyklary ýokarlandyrmak babatynda «Balkanabat» ýod zawodynda, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesinde kuwwatlylygy ýylda 250 tonna tehniki ýod we 2 müň 350 tonna brom we brom önümlerini öndürýän desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýar.
Bulardan başga-da, Uzboý şäherçesinde kuwwatlylygy ýylda 200 tonna tehniki ýod we 2 müň tonna brom we brom önümlerini öndürýän desgalaryň, Hazar şäherinde kuwwatlylygy ýylda 300 tonna tehniki ýod we 5 müň 500 tonna brom we brom önümlerini öndürýän desgalaryň, kaustik sodany, hlor we hlor önümlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň, Garabogaz aýlagynyň baý gidromineral gorlarynyň binýadynda natriý sulfatyny öndürýän täze önümçilikleriň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Ýokarda agzalan desgalar bilen bir hatarda, bu önümçilikleri dolandyrmak we olara hyzmat etmek üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Lebap welaýatynda Türkmenistanyň himiýa tehnologiýalar institutyny gurmak meýilleşdirilýär.
Maksatnamalarda göz öňünde tutulan täze ugurdaş desgalaryň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň himiýa önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, eksport edilýän önümleriň möçberini hem birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Täze işe girizilen kuwwatlyklaryň özleşdirilmegi himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup, içerki bazara we eksporta gönükdirilen himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň, ýagny brom we brom önümleriniň 9 müň 850 tonnasyny, kaustik sodanyň 15 müň tonnasyny, hlor we hlor önümleriniň 13,5 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.
Himiýa senagaty boýunça ýokarda bellenip geçilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde, ony diwersifikasiýalaşdyrmakda öz mynasyp goşandyny goşar.
Watanymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebitara we yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulmagy çalt depginler bilen ösýän we eksport mümkinçiliklerini giňeldýän milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şol sanda himiýa senagaty tarapyndan öndürilýän önümleriň eksportyny amala aşyrmak üçin daşarky bazarlara çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň döwletara we sebitara özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ýük gatnawlarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyna uly goşandyny goşýar.
Aşgabadyň döwrebap binagärlik keşbi — täze döwrüň nyşany
Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigi barada buýsanç bilen pikir ýöredeniňde, berkarar Diýarymyzyň ykdysady, medeni, syýasy ösüşleri, halkara derejedäki gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýar. Gözel Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.
Ak şäherimiz Aşgabadyň birnäçe binalary hut hormatly Prezidentimiziň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.
Geçen sanlyja ýylyň dowamynda Aşgabadyň 10-a golaý binasy özboluşly binagärligi, çuň many-mazmuny bilen bu kitaba girizildi. Olaryň hatarynda 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen, Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän Oguz han suw çüwdürimler toplumy bar.
Edil şol gün Arçabil şaýoluna bezeg berýän dünýäniň iň uly baýdak sütüni halkara bilermenler tarapyndan hasaba alyndy. Bu gün Döwlet baýdagymyz 133 metr belentlikde, ata Watanymyzyň parahat asmanynyň astynda asuda parlaýar.
2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda açylyp, ulanylmaga berlen ak şäherimiziň ýene bir binasy milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan, Köpetdagyň gözel gerşine bezeg berýän beýikligi 211 metre barabar bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň keşbini bezeýän Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzy dünýäde iň uly ýyldyzyň şekili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Beýikligi 95 metre barabar bolan Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezi 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda dünýäde iň uly üsti ýapyk syn ediş hiňňildik hökmünde bu kitapdan mynasyp orun aldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak şäherimiz Aşgabat ak mermerli binalaryň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabat Halkara howa menziliniň baş binasynyň ýokarsynda ýerleşdirilen haly göli dünýäde iň uly göl hökmünde (705 inedördül metr) bu hormatly orna mynasyp boldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi ulanylmaga berildi, ol 40-dan gowrak sport binalaryny özüne birleşdirýär. Olimpiýa şäherçesiniň esasy desgalarynyň biri 45 müň tomaşaça niýetlenen Aşgabat Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewi dünýäde iň uly atyň keşbi, şeýle hem Olimpiýa suw-sport toplumynyň sportuň suw görnüşleri merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzüş suw howzy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ak mermerli Aşgabat bu gün gözel baglara beslenen täsin seýilgähleriň, ajaýyp gülleriň şäheri hökmünde hem dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen paýtagtymyzda ajaýyp seýilgähleriň onlarçasy döredilip, olaryň sany häzirki wagtda 68-e ýetdi. Ak şäherimizi bezeýän «Bagtyýarlyk» seýilgähi 78 gektar ýeri eýeleýär. Mundan başga-da, «Arkadag», «Ylham», «Garajaoglan» seýilgähleri aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli, höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi.
Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda täze gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Hut şol gün döwrüň talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.
Bu özboluşly merkezi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan taslamalarda kottejler toplumyndan, durmuş maksatly desgalardan ybarat bolan iri toplumyň geljekki hemmetaraplaýyn ösüşi, kölüň kenarynda işjeň dynç almak üçin özboluşly ýakymly gurşawy döretmegiň toplumlaýyn ugurlary, suw güýmenjeleri, şeýle hem bu ýerleriň ekologiýa derejesini saklamak bilen bagly bitiriljek işler öz beýanyny tapdy.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13, 14, 15-nji tapgyrlarynyň çäklerinde gurlan desgalar bilen bir hatarda, Täze zaman, Çoganly, Köşi, Parahat-7 ýaşaýyş toplumlarynda bina edilen has oňaýly ýaşaýyş jaýlarydyr medeni-durmuş maksatly binalar bu gün baş şäherimize özboluşly bezeg berýär.
Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabatda diňe bir otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan köpgatly ýaşaýyş jaýlary däl-de, kottej jaýlary hem köpçülikleýin ulanmaga berilýär. Olarda iş otagy, tomusky eýwan, hojalyk jaýlary bar. Olaryň her biriniň umumy meýdany 350 inedördül metr bolup, otaglary belent hem-de giň, myhman kabul etmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap otaglar bar.
Kottejler toplumynyň çäginde çagalaryň oýun meýdançalary, telärler we tehniki binalar bar. Umuman, bu toplumyň tutuş keşbi bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Özboluşly binagärligi bilen haýrana goýýan paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy, Atatürk, Gurbansoltan eje, Arçabil, Çandybil, A.Nyýazow, Magtymguly, N.Andalyp, G.Kulyýew, Taslama ýaly onlarça şaýollarydyr köçeleri, Parahat-7, Täze zaman, Çoganly ýaşaýyş toplumlary häzirki wagtda ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna, egsilmez guwanjyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly ýörelgeleri öz içine alýan, uzak geljegi nazarlaýan şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, bu gün ak mermere bürenýän gözel paýtagtymyz dünýäde iň gözel, ýaşaýyş we bagtyýar durmuş üçin iň kämil derejeli nusgalyk şähere öwrülýär.
Gözel paýtagtymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm taslamalaryň şäheriň ähli künjeklerini gurşap alýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta bölegi işewürlik merkeze öwrülýär. Bu ýerde bina edilýän desgalaryň hatarynda Hökümet münberinden başga-da, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň, Maslahatlar merkeziniň, kaşaň myhmanhananyň, şeýle hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalarynda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar.
Gözel paýtagtymyzda binagärlik özboluşlylygy, görkana keşbi bilen görenleri haýrana goýýan Konstitusiýa binasy, “Oguzkent”, “Ýyldyz” myhmanhanalary, ak şäherimiziň merkezindäki täsin köşkler bilen sazlaşykly utgaşýan «Galkynyş», «10 ýyl Abadançylyk» meýdançalary, «Aşgabat», «Bagtyýarlyk» seýilgähleri, «Abadançylyk», «Ýyldyz», «Ylym», «Ak bugdaý», «Sagdynlyk» ýaly binalar, Bagt köşgi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, Baş Baýdak meýdançasy ýaly iri desgalar, Olimpiýa şäherçesi döwrüň belent ruhundan, berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerinden, jemgyýetimiziň kämilliginden habar berýär. Paýtagtymyzda bitirilýän beýik işleriň Aşgabadyň hem-de tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigini bellemek möhümdir.
Gurluşyk-senagat toplumy, umuman, Türkmenistanyň baý çig mal serişdelerine hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan ägirt uly, egsilmez kuwwatyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasaty, durmuşa geçirýän işjeň halkara hyzmatdaşlyk ugry bilen utgaşyklykda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegi hem-de rowaçlanmagy, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ş.DURDYLYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15045