ANKARADA TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENIÝETI WE SUNGATY BILEN TANYŞDYRYLDY

Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Türki dilli halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÝURKSOÝ) goldamagynda «Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty» atly sergi gurady.

Çäräniň açylyş dabarasyna TÝURKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçin Topçu, Türkiýe-Türkmenistan parlament toparynyň başlygy Ibragim Aýdemir, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň baş sekretary Adem Kula, diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem ylym we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, Ankaranyň ýokary mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar, Türkiýäniň KHBS-niň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýewiň, TÝURKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinowyň, Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçin Topçunyň we türk parlamentiniň agzalarynyň çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň aýratynlygy nygtaldy, onuň syýasy-hukuk ýörelgeleri taryhy, geosyýasy, etnomedeni ugurlar göz öňünde tutulyp milli bähbitleri durmuşa geçirmäge, şeýle-de ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy şeýle hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň medeni-ynsanperwer ugurlaryny giňden beýan etdi.

Türkmen halkynyň medeni däplerini we sungatyny wagyz etmäge gönükdirilen sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri esasy orun tutdy, olarda milli gymmatlyklaryň we amaly-haşam sungatynyň ösüşine taryhy garýyş beýan edilýär. Sergä gelenler seýle hem milli lybaslaryň özboluşly nusgalry, žiwopisçileriň we zergärleriň eserleri, halk saz gurallary, tematiki fotosuratlar bilen tanyşdylar.

Serginiň myhmanlaryna türkmen halkynyň datly tagamlary hödür edildi. «Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty» atly sergi TÝURKSOÝ-yň Ankaradaky edarasynda 27-nji oktýabrdan 30-njy oktýabr aralygynda görkezildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15060