TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň ýardam etmeginde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba-Ýuliýa şäheriniň «1 Dekabr 1918» uniwersitetiniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde tegelek stol geçirildi.

Wideokonferensiýa görnüşindäki tegelek stola, Rumyniýanyň Parlamentiniň Senatory we şol bir wagtda Uniwersitetiň rektory Waler Daniel Breaz, bu uniwersitetiň mugallymlary we talyplary we Türkmen tarapyndan: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihliýew, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlaryny Türkmenistanyň Bitarap statusa eýe bolmagynyň taryhyna, ýurduň daşary syýasatynda 25 ýyldan bäri dowam edýän oňyn Bitaraplyga we halkara derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde türkmen Bitaraplyk modeliniň oňyn tebigatynyň ähmiýetine bagyşladylar.

Rumyniýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary çykyşlaryny Türkmenistanyň Bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy bilen mähirli gutlamak bilen, ünsi diňe bir bilim taslamalarynyň däl, eýsem «Erasmus Mobility Program (Erasmus +)» maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki ylmy gözleglere, talyplar, mugallymlar we gözlegçiler bilen alyş-çalyş etmeklige bagyşladylar.

https://neutrality.gov.tm/news/119/