TOKIONYŇ DAŞARY ÝURT DILLERI UNIWERSITETI BILEN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýewiň we Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prorektory Jun Matsukumanyň başlyklyk etmeginde geçen duşuşyga iki ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
N.Şyhlyýew iki ýokary okuw jaýynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlyk barada çykyş etdi. Şeýle-de ol öz ýapon kärdeşlerine Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmek, bilim ulgamyny we ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny kämilleşdirmek işindäki orny hem-de wajyplygy barada aýdyp berdi.
Öz gezeginde J.Matsukuma türkmen kärdeşlerini baky Bitaraplyk baýramy bilen gutlap, döwletimize uly üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem ol 25 ýylyň içinde Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde goşan wajyp goşandy barada belledi.
Şeýle-de çärä Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy we Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen dilini öwrenýän talyby gatnaşdy. Öz çykyşlarynda olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhümligi barada belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar akademiki hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleriniň üstünde hem durup geçdiler.
https://neutrality.gov.tm/news/122/