HAZAR SEBITINDE ULAG WE LOGISTIKA ULGAMYNDA ONLAÝN-MASLAHAT GEÇIRILDI

«Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň Hazar sebitinde ulag-logistika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» şygary bilen 2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugynyň (Astrahan ş.) we Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýardam bermeginde Halkara tegelek stoly geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň, bilermenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň konsuly G. Garaýew we Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşykalry agentliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji I. Toropisyn çykyş etdiler. Çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli wideoşekiller görkezildi.

Tegelek stolyň «Russiýanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika toplumynyň ösüş ugurlary we ýollary hem-de Hazar sebitinde ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk» temasyndan birinji mejlisine deňiz portlarynyň, «Лотос» aýratyn ykdysady zolagynyň, ulag-logistika merkezleriniň ýolbaşçylary we telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn-maslahatyň astrahan tarapy türkmen kärdeşlerini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi bilen gutlady. Şeýle hem birinji mejlisiň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we «Astrahan oblastynyň gämi eýeleriniň we ekpeditorlarynyň Sebit Assosiasiýasynyň (Astrahan ş. Russiýa Federasiýasy) bilen «Tükmen Logistika» (Aşgabat ş., Türkmenistan) arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekdiler.

Soňra «Hazar sebitiniň logistika ulgamynyň işgärler üpjünçiligi, ulag we logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýokary okuw mekdepleriniň özara hereketi» atly mejlis geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň (TITUKI), general-admiral F.M. Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutynyň (KDDUI) hem-de Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň (ADTU) ýolbaşçylary hem-de mugallymlar düzümi gatnaşdylar. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikinji mejlisiň çäklerinde «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen general-admiral F.M. Apraksin adyndaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutynyň (KDDUI) arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekildi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)