MILLI LIDERIMIZ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISINI GEÇIRDI HEM-DE ÝAŞAÝYŞ JAÝ TOPLUMYNY AÇDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalygy toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzyň giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyna ägirt uly serişdeleriň gönükdirilmegine mümkinçilik berýär.
Täze binagärlik toplumlary, tutuş etraplar, ugrunda amatly ýaşaýyş jaýlary emele gelen giň köçeler bilen üsti ýetirilýän Aşgabadyň şähergurluşyk maksatnamasy paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär. Şäherimiz öz çäklerini yzygiderli giňeldip, gözellik derejesi we abadanlaşdyrylyş işleri bilen haýran galdyrýar.
Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin oňyn şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde durýar.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan täze gurluşyklar bilen tanşyp, şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Olaryň häzirki zaman talaplaryna we hil, gözellik, ekologiýa babatda halkara ülňülere doly laýyk gelmegi, olaryň uzak geljegi nazarlaýan täzeçil çemeleşmeler esasynda durmuşa geçirilmegi esasy ugur hasaplanylýar.
Kottej toplumynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan giň möçberli işler, şol sanda harby düzümlerde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmäge taýýardygy barada habar berdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmetini, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepaly ruhda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolandygyny hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş toplumynyň ilatynyň we içeri işler edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýüztutmalaryny hem-de Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, bu topluma içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylandygy habar berildi.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny açyp bermegini we toplumyň işine ak pata bermegi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümleriniň adyndan çuňňur hormat bilen haýyş etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrjakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de yzygiderli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň milli howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň döredijilikli we abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana Watan goragçylarynyň gahryman pederlerimiziň edermenlik mekdebini mynasyp dowam edýändiklerini belledi. Olara iň jogapkärli wezipe — Watan goragy, il asudalygy, ýurt ykbaly ynanylýar. Şeýle jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin Watan goragçylaryna döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler, köp sanly ýeňillikler berilýär.
Türkmenistanda harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Harby gullukçylaryň ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegi üçin ähli şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şu gün biz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumyny açyp, ulanmaga berýäris. Ähli amatlyklary bolan bu toplumyň gurulmagy döwletimiziň Watan goragçylarynyň gulluk-iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berýändigini görkezýär. Biz Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, şeýle işleri geljekde hem dowam ederis.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, döwletimiziň mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly üns berjekdigini belledi.
Biziň merdana halkymyzyň edermenlige we gahrymançylyga beslenen şöhratly taryhy we baý milli harby mirasy bar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan bu taryhy we harby miras biziň milli buýsanjymyzdyr. Şoňa görä-de, mert pederlerimiziň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek Watan goragçylarynyň her biriniň mukaddes borjudyr. Bu borjy abraý bilen birkemsiz ýerine ýetirmek merdana harby gullukçylar üçin belent mertebedir. Watan goragy olaryň bütin durmuşyna, kalbynyň senasyna, ýürek urgusyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Watan goragçylary eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, döwletimiziň çäk bitewüligini, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny jan aýaman goramalydyr.
Siz Watany söýmegi, onuň her daban ýerini gözüň göreji kimin goramagy mukaddes borç hasaplan Oguz han, Görogly beg, Baýram han, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Jelaleddin Menguberdi we türkmeniň ençeme wepaly ogullary ýaly, taryhda öçmejek yz goýan şahsyýetlerimiziň edermenligini, batyrlygyny, gaýduwsyzlygyny hemişe özüňize nusga edinmelisiňiz diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Siz ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, dünýädäki abraýynyň has-da artmagyna, Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmalysyňyz.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň Ýaragly Güýçlerimiz halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhynyň dowamynda kemala gelen harby däp-dessurlaryny dowam edip, goranyş häsiýetli kuwwatly goşuna öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi. Ösüp gelýän ýaş nesilleri milli däplerimize wepalylyk we watançylyk ruhunda terbiýelemek, mert pederlerimizden nusga almak hem-de olaryň işini mynasyp dowam etmek Watan goragçylarynyň her biriniň mukaddes borjy bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy barada durup geçip, biz ony uly joşgun, ruhubelentlik, ajaýyp üstünlikleri gazanmak bilen garşy alýarys diýip belledi. Biziň şu günki bagtyýar durmuşymyz, ýeten belent_ sepgitlerimiz baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunyna girizen ýeke-täk döwletdir. Bu günki gün bütin dünýä biziň döwletimizi parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde tanaýar.
Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary, anyk teklipleri giňden goldaw tapýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk, agzybirlik däplerini häzirki döwürde hem döwletimiziň mynasyp dowam edýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylyk söýüji maksatlary döwletimiziň Harby doktrinasynyň baş ugry bilen hem gabat gelýär. Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagyny, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegini maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Watan goragçylary ata-babalarymyzyň şan-şöhratly däplerine wepaly bolup, mähriban Watanymyzy jandan eziz görmelidirler, mukaddes Garaşsyzlygymyzy gözleriniň göreji ýaly goramalydyrlar, berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy bolmalydyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Bu wezipeler harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň öňündäki belent borçdur diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň şol borjy abraý bilen berjaý etjekdigine hem-de ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra günüň wakalary Içeri işler ministrliginiň we onuň düzüm bölümleriniň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap kottejler toplumynyň bina edilen Çoganly ýaşaýyş toplumynda dowam etdi. Bu ýere harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Hemmeler milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimiz jaýlara barýan ýoluň ugrundaky toý derwezesiniň golaýyndaky toý bagyny kesdi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň çägine girip, dolandyryş binasyna tarap ugrady. Onuň diwarynda içeri işler gullugynyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeliniň şekili ýerleşdirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna hem Içeri işler ministrliginiň düzüminde köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz zähmet çeken M.Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Içeri işler we Goranmak ministrlikleriniň bilelikdäki aýdym-saz toparlary bu ýerde guralan köpçülikleýin medeni çärä özboluşly dabara çaýan Döwlet senasyny ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz içeri işler edaralarynyň hormatly weterany — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowa hormat-sarpasyny beýan etdi. M.Berdimuhamedowyň ömür we döredijilik ýoly watansöýüjilik we Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelenilýän ýaş türkmen esgerleri üçin nusgalyk görelde bolup durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň içine girdi. Onuň wezipesi täze ýaşaýyş jaý toplumyny dolandyrmakdan ybaratdyr. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan özboluşly muzeý döredildi. Şol ýerde arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglary hem-de harby atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary we suratlar jemlenipdir.
1954-nji ýylda Mälikguly Berdimuhamedowa içerki goşunlaryň kiçi leýtenanty, 1960-njy ýylda leýtenant, 1963-nji ýylda içerki goşunlaryň uly leýtenanty, 1966-njy ýylda içerki goşunlaryň kapitany, 1970-nji ýylda –maýor, 1974-nji ýylda içerki goşunlaryň podpolkownigi ady dakyldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň kakasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglanyldy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde dowam etdirdi.
Podpolkownik Mälikguly Berdimuhamedow Watanymyz we halkymyz üçin ägirt uly işleri bitirdi. Ol kasama wepaly bolmak bilen, ak ýürekden gulluk etdi hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge örän jogapkärli çemeleşdi. Ol hemişe göreldeli serkerde bolupdy we şeýle bolmagynda galmak bilen, ýaş harby gullukçylar üçin görelde görkezýär.
Sergide şeýle hem milli Liderimiziň kakasynyň içeri işler edaralarynda gulluk eden ýyllarynda ulanan awtoulaglarynyň hem-de mototehnikalarynyň suratlary goýlupdyr.
Bu ýerde içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň 1972 — 1975-nji ýyllarda münen “GAZ-69A”, onuň 1980 — 1982-nji ýyllarda ulanan “GAZ-21” we “WAZ-2102”, şeýle hem “GAZ-69” we “RAF — 997” kysymly gulluk awtoulaglaryny görmek bolýar. Şol ýerde 1977 — 1996-njy ýyllarda ulanylan “DNEPR-11” motosikli hem goýlupdyr.
Aýratyn diwarlykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene-atasy bilen düşen, maşgala arhiwinden alnan suratlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň kakasynyň jemgyýetçilik işi barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilipdir.
Döwlet Baştutanymyz özüniň “Döwlet guşy” atly kitabynda: “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn... Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim” diýip belleýär.
Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasydyr. Ýurdumyzyň ýaş nesli eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine başyny başlan ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmelidir.
Golaýdaky diwarlyklarda Mälikguly Berdimuhamedowyň goşgulary ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, Mälikguly aganyň çagalyk döwri gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Hut şol döwürde ol goşgy düzüp başlady. Şol goşgularda onuň daşky gurşawa we ýakynlaryna garaýşy hem-de mähri bilen baglanyşykly inçe duýgulary öz .beýanyny tapdy. Onuň döreden şahyrana keşpleriniň häzirki nesil üçin gymmatly ýörelgeler bolup hyzmat edýändigi hem-de kompozitorlary ruhlandyrýandygy tötänden däldir.
Şolaryň biri “Köp ekeliň dänäni!” diýen goşgudyr. Ol bu goşgyny 1944-nji ýylda, 12 ýaşyndaka ýazypdyr. Ýetginjegiň kalbynda dörän bu joşgunly hem-de çuň manyly setirlerde Ýeňşi gazanmak, duşmany derbi-dagyn etmek üçin ähli güýç-gaýratyňy sarp etmek baradaky çagyryş ýaňlanýar.
Diwarlykda ýerleşdirilen beýleki bir goşgy eziz Watana bagyşlanypdyr hem-de watançylyk we ýurda wepalylyk ruhuna beslenipdir. Awtor Watanymyzy “Ýürekleriň buýsanjy”diýip atlandyryp, mähriban ülkämiziň abadançylygynyň bähbidine okamaga we tutanýerli zähmet çekmäge çagyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu muzeýiň eksponatlarynyň toplumyna giren kitaplary, şol sanda milli medeni gymmatlyklara bagyşlanan eserleri hem şol pikiriň dowamy boldy.
Döwlet Baştutanymyz öwrenilýän meselä çuňňur ylmy seljerme bermek bilen we bu ulgamda esasy wezipeleri kesgitläp, esasy jebisleşdiriji pikiri öňe sürýär: awtor milli medeni mirasa täze nukdaýnazardan, has anygy, biziň ýurdumyzyň häzirki gününi we geljegini alamatlandyrýan nazar bilen garamaga çagyrýar.
Bularyň ählisi ruhy we maddy medeniýete hem, nusgawy edebiýata, halk sazyna, amaly-haşam sungatyna, binagärlige we halk senetkärligine, folklora we etnografiýa hem degişlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň eserlerinde milli medeniýetimiziň taryhy örän gadymy döwürlerden — irki ýaşaýyş mesgenleriniň, ekerançylygyň we siwilizasiýa ojaklarynyň emele gelmeginden başlap, üznüksiz özgeriş hökmünde seljeriş berilýär. Bu örän baý mirasyň kökleriniň häzirki döwür bilen aýrylmaz baglanyşygy ahalteke bedewleriniň we alabaýyň mysalynda aýdyň beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz diňe bir nusgawy edebiýatda we meşhur pelsepeçileriň döredijiliginde jemlenen türkmen medeniýetiniň ruhy gatlaklaryny seljermek bilen çäklenmän, eýsem, oňa halkyň gözýetimi, onuň ahlak-etiki kadalary nukdaýnazaryndan içgin öwrenýär. Halk baýramçylyklary, türkmen toýlaryny geçirmek bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar we ýörelgeler çuňňur many-mazmuna eýedir. Halk aýdym-sazlary, tanslary, oýunlary we degişmeleri, türkmen saçagynyň berekedi, atşynaslyk sungaty we bedewleri ösdürip ýetişdirmek — bularyň ählisi milli Liderimiziň kitaplarynda beýan edilen türkmen medeniýetiniň dürli öwüşginleridir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimiziň iň gowy däp-dessurlarynyň ösdürilmegine we dowam etdirilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär, däp-dessurlarymyzyň durnuklylygy hem üýtgewsizligi netijesinde türkmen medeniýeti dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler gadymy milli medeniýetimiziň hil taýdan täze ösüşe eýe bolmagyna, döredijilik ýörelgeleriniň ösmegine, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny açmaga, milletimiziň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.
Milli Liderimiz özboluşly sergi bilen tanşyp hem-de bu ýerdäki harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna maslahatlary berip, hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binadan çykyp, nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynyň howlusynda ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Milli Liderimiziň howandarlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek işi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek babatda umumydünýä işine saldamly goşantdyr. Her bir şäheriň we her bir obanyň töwereginde peýda bolmak bilen, tokaý zolaklary oňaýly howa ýagdaýyny emele getirýär. Şu aýda bolan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge ýardam etmelidir. Oňa gatnaşyjylaryň her biri, şol sanda döwlet Baştutanymyz şol gün 30 düýp bag nahalyny ekdi.
Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda bolsa ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 25 million düýbi oturdylar.
Ählihalk bag ekmek çäresi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreler bu umumy ähmiýetli işe dahylly bolmaga çalyşýan adamlary birleşdirýär. Dynç alyş gününde tutanýerli zähmet çekmek bilen, ildeşlerimiz durmuş ähmiýetli örän peýdaly işi ýerine ýetirýärler hem-de özlerini uly we agzybir maşgalanyň bir ülşi hökmünde duýýarlar.
Häzirki wagtda hiç kim bag ekmek çäresinden daşda durmaýar. Bu çäre mähriban ülkämiziň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek üçin örän wajypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Çünki Türkmenistanda agaç nahalyny eken adam hemişe aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Adamlar hatda onlarça ýyl geçenden soň hem baglara syn edip, olary ýetişdiren adamy ýakymly sözler bilen ýatlaýarlar.
Şoňa görä-de, täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy bilen birlikde, olaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň düýbi tutulýar. Şu gün Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin ulanylmaga berlen kottejler toplumynda hem köçeleriň ugrunda we jaýlaryň golaýynda agaç nahallary ekildi.
Toý dabarasy mynasybetli Çoganlynyň asmanynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesiniň nyşany şekillendirilen ak aerostatlar gaýmalaýardy.
“Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýär. Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris. Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde hem ähli zerur işleri amala aşyrar. Adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar.
Bu sözler Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iri çäreleriň, bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň konsepsiýasyny kesgitleýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz kottejler toplumyny synlap başlaýar. Bu toplum 2017-nji we 2019-njy ýyllarda gurlan iki binalar toplumynyň üstüni ýetirdi.
Ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin berilýän ýeňillikli karzlar şäherleriň hem-de obalaryň ýaşaýjylaryna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterligini şertlendirýär. Şeýle aladanyň hem-de ýaşaýyş jaý gurluşygynyň barha giň gerime eýe bolmagynyň netijesinde, her ýyl bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar.
Belent ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, uly kottejler toplumlary hem gurulýar. Munuň özi bolsa raýatlarymyzyň öz isleglerine laýyklykda has amatly öýleri seçip almak mümkinçiligini giňeltmäge ýardam edýär.
Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça jaýlaryň gurluşygyny onuň garamagyndaky gurluşyk kompaniýasy amala aşyrýar. Iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybaratdyr. Ýurdumyzdaky döwrebap desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu jaýlarda hem öý eýeleriniň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz hemişe harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hal-ýagdaýyny we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, serkerdeleriň, şahsy düzümiň netijeli gulluk etmegi hem-de olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy babatda amatly şertleri döretmek barada alada eder.
Şonuň bilen baglylykda, bu düzümlerde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar. Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Içeri işler ministrliginiň serkerdeleriniň, harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň onlarça maşgalasynyň täze jaýlara göçüp barmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy jaýlaryň birine baryp görmäge çagyrýarlar. Täze göçüp gelenleriň biri — Aşgabat şäheriniň polisiýa bölüminiň işgäri hasabat berip, milli Liderimizden howla girmegi haýyş etdi we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz raýatlarymyzyň, her bir maşgalanyň mynasyp durmuşyny, olar üçin zerur şertleri üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz öý eýesiniň jaýyň içki abadançylygy, amatlylygy hem-de bezegi baradaky pikiri bilen gyzyklandy.
Bu kaşaň jaýlarda mähriban halkymyzyň däp-dessurlarynyň ruhunda baýramçylyk, maşgala çärelerini guramak, myhmanlary kabul etmek, toýlary we sadakalary, beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle ýaşaýyş jaýlary gurlanda, ýaşaýyş-durmuşyň däp bolan ýörelgeleriniň aýratynlyklary hem-de ýaşaýjylaryň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulýar. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig maldan öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Maşgalabaşy, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň polisiýa bölüminiň gözegçisi Röwşen Agaýew jaýa ýanaşyk 8 sotok mellek ýerinde bolsa hojalygy ýöretmek, gök ekerançylyk ýa-da bagçylyk bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň bardygyny gürrüň berdi.
Soňra ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öýe girmäge çagyrdy. Şol ýerde milli Liderimizi maşgalanyň beýleki agzalary — maýoryň ýanýoldaşy hem-de dört çagasy garşyladylar. Olaryň iň ulusy Amandurdy 15 ýaşynda, Azymmuhammet 8 ýaşynda, Allanur 4 ýaşynda, gyzy Leýligözel bolsa 13 ýaşynda.
Milli Liderimiz olar bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwy, gyzyklanýan zatlary barada sorady. Döwlet Baştutanymyz olaryň kitap okamagy halaýandygyny eşidip, çagalardan okan kitaplaryny gürrüň bermegi haýyş etdi. Muňa jogap edip, çagalar goşgy okap berdiler.
Döwlet Baştutanymyz olaryň bilimlere bolan höwesine mynasyp baha berip, geljekde olaryň haýsy hünäri saýlap aljakdygyny sorady. Leýligözel lukman bolmagy arzuw edýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz munuň asylly we hormatly hünärdigini, ýöne oňat lukman bolup ýetişmek üçin köp okamagyň, bilmegiň zerurdygyny, şol sanda dünýä lukmançylygynyň soňky gazananlaryndan habarly bolmak üçin daşary ýurt dillerini bilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz şeýle hem çagalaryň ählisine çeper döredijilik bilen meşgullanmagy maslahat berdi. Munuň özi adamlary ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Öz nobatynda, öý eýesiniň uly ogly Amandurdy uçarman bolmagy, körpe ogly bolsa, kakasy ýaly, polisiýa işgäri bolmagy arzuw edýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň üçin sport bilen meşgullanmagyň zerurdygyny belledi. Görlüp oturylsa, Allanur karate bilen meşgullanýar eken. Döwlet Baştutanymyz oglanjyga öwgüli sözleri aýdyp, oňa geljekde general bolmak üçin oňat okamagy arzuw etdi.
Çagalaryň ejesi häzirki wagtda öý hojalykçy, öň bolsa lukman bolup işläpdir. Ol lukmançylyk institutyny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebine ýolbaşçylyk eden ýyllary tamamlapdyr.
Milli Liderimiz maşgalabaşydan gullugy barada sorady. Röwşen Agaýew Belent Serkerdebaşynyň aladasy bilen netijeli zähmet çekmek hem-de ýokary amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin işde we durmuşda ähli şertleriň döredilendigini aýtdy we şu gün jaý toýlaryny tutýanlaryň ählisiniň adyndan täze, ajaýyp jaýlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýa göçüp baran maşgala agzalarynyň her birine sowgatlary we umumy sowgady — ýurdumyzda öndürilen smart-telewizory gowşuryp hem-de olara täze öýde abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edip, öý eýeleri bilen hoşlaşdy.
Milli Liderimiz ýola çykdy we ýol ugrunda harby hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda öndürilýän gök- bakja, miwe we azyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.
Şeýle hojalyklary ýöretmek ýaş esgerleriň zähmet terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz harby gulluk bilen birlikde, ýaş harby gullukçylaryň senetleriň dürli görnüşleri, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanmak höwesini artdyrmaga aýratyn üns bermäge çagyrýar. Munuň özi ýaşlaryň gullugy tamamlanlaryndan soň, hünärleri saýlap almagyna ýardam eder.
Kömekçi hojalyklaryň Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň şahsy düzümlerini ter oba hojalyk önümleri — gök-bakja, miwe önümleri, et, süýt, ýumurtga we beýleki önümler bilen üpjün edýändigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň ýokumlara baý bolan tagamlar bilen iýmitlenmeginiň wajypdygyny belledi. Şolaryň hatarynda milli aşhananyň tagamlary hem-de biziň topragymyzda ýetişdirilen ekologiýa taýdan arassa gök önümler we miweler hem bolmalydyr.
Sergide et önümleriniň, şol sanda sygyr, goýun, towuk etinden taýýarlanylan önümleriň köpdürlüligi hemmeleriň ünsüni çekdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyklarynda balyk hem ýetişdirilýär.
Görkezilen önümleriň hatarynda ululy-kiçili kädiler haýran galdyrýar. Olaryň biriniň agramy 24 kilograma barabar. Şol ýerde gawun-garpyzlaryň hem dürli görnüşleri goýlupdyr.
Serginiň gök önümler bölüminde açyk meýdanda hem-de ýyladyşhanalarda, dag şertlerinde ýetişdirilen kelem, hyýar, pomidor bar.
— Üzüm hem örän ýokumlydyr — diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ajaýyp görnüşi bilen haýran galdyrýan üzüm hoşalaryny synlady. Bu ýerde ýurdumyzda ýetişdirilýän hem-de ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan üzümleriň birnäçe görnüşini, şol sanda gara we ak görnüşlerini görmek bolýar.
Oňat bişen bugdaý sümbülleri altynsow reňki bilen özüne çekýär. Şolaryň golaýynda badamjan, bulgar burçy, olaryň arasynda bolsa alma, armyt, nar ýerleşdirilipdir. Käşir, turp, şugundyr, ýeralma ýaly önümler peýdaly maddalara baýdyr. Bu ýerde ýerleşdirilen şaly, mäş, nohut, noýba we beýlekiler oba hojalyk önümleriniň köpdürlüligini görkezýär.
Şeýle hem bu ýerde hoz, pisse, ary ballarynyň dürli görnüşleri — dag, gül, gowaça ballary we beýlekiler, şeýle hem mürepbe, jem, miwe suwlary hem-de beýleki gaplanan önümler bar.
Bularyň ählisi halkymyzyň asudalygynyň, parahat durmuşynyň goragynda duran harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kärhanalaryň öndürýän önümleriniň diňe bir bölegidir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady hem kämilleşdirilýär, gulluk we ýaşaýyş-durmuş üçin iň gowy şertleri döretmäge, goşunlaryň dürli kysymlar üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmaga uly üns berilýär.
Bularyň hemmesi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň esasy ugurlarydyr. Şol özgertmeleriň netijeliligi bolsa özygtyýarly, kuwwatly, oňyn Bitaraplyk syýasatyna, ähli ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň derejesini has-da berkidýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimize harby düzümleri kämilleşdirmäge berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Belent Serkerdebaşymyzyň öz öňlerinde goýan wezipeleriniň ählisini gyşarnyksyz we öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sergini gözden geçireninden soň, hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Türkmenistan durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini has-da güýçlendirip, bu ulgamy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.
Döwletiň raýatlarymyzyň öňündäki borjy hökmünde kesgitlenen bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmäge ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ählisi diýen ýaly çekildi. Olaryň şahsy buýurmalary esasynda kaşaň binalar gurulýar.
Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Ekologiýadan başlap, jemagat hyzmatlaryna çenli bu meseleleriň ählisine ýokary talap bildirilýär. Şol işleriň hemmesi oňaýly ýaşaýyş gurşawyny döretmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Ýöne, tutuş dünýäniň ösüşi bilen deň gadam urup, biz nesillerimiz üçin milli mirasymyzy, ruhyýetimizi, köpasyrlyk medeniýetimizi we däp-dessurlarymyzy hem aýawly saklaýarys.
Bularyň ählisi Çoganlydaky täze toplumda hem öz aýdyň beýanyny tapdy. Şol topluma Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde peýda bolan täze obalar, etraplaryň, şäherleriň hem-de welaýatlaryň edara ediş merkezleriniň döwrebaplaşdyrylan keşbi, dürli maksatly täze desgalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi hemme ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Täze desgalar we binalar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy hakyndaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.
Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlere şaýatlyk edýär. Munuň özi bolsa ilatymyzyň, hatda Diýarymyzyň alysdaky künjeklerinde ýaşaýan raýatlarynyň hem häzirki abadan durmuşymyzyň eşretleriniň hözirini görüp ýaşamaklaryny şertlendirýär.
Aşgabatda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ol gülläp ösýän, kuwwatly döwletiň paýtagty hökmündäki derejesine doly laýyk gelýär.