MILLI LIDERIMIZIŇ AMALA AŞYRÝAN “AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNYŇ UGRY BILEN

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleriniň we Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair hem-de Hindistanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy meselesi iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, ýeňil senagat ulgamynda, dokma we deri önümlerini ibermek babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň usullary we gurallary bilen baglanyşykly boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy we Hindistanyň Söwda-senagat edarasynyň Söwda komitetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň wekiliýetlerini özleriniň ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň işi hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri bilen tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowsöwda we dokma senagaty ulgamyny, şeýle hem halyçylygy we telekeçiligi, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hem-de sebit we dünýä ýagdaýyny öwrenmäge ugrukdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň innowasion ugurlaryny ösdürmek üçin şertleri döretmegiň we olary goldamagyň wajypdygyny, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga täzeçe çemeleşmeleriň hem-de halkara derejesinde maglumat-mahabat, tanyşdyryş we sergi işiniň mümkinçiliklerinden has işjeň we giňden peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Bu wezipeler hem türkmen-hindi duşuşygynyň gün tertibine girizildi.

Taraplar özara haryt dolanyşygynyň mümkinçiliklerini has doly öwrenmek üçin şeýle işewürler çärelerini, bilelikdäki işewürler geňeşiniň mejlislerini onlaýn görnüşinde yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Hususan-da, türkmen harytlarynyň: dokma, deri önümleriniň, türkmen halylarynyň we beýleki önümleriň eksportyny guramak barada gürrüň edildi. Ýurdumyzyň “Röwşen”, “Abadan haly”, “Muhammet-Balkan”, “Batly gadam” ýaly kärhanalarynyň wekilleri öz önümleriniň tanyşdyrylyşyny geçirdiler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

Hindi tarapy şeýle hem dokma hem-de deri senagatynda toplan baý tejribesi barada gürrüň berip, pudaklaýyn önümçiligi guramak hem-de çig maly we taýýar önümi ibermek ulgamynda özara gatnaşyklara taýýardygyny beýan etdi.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)