DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde halkara düzümleriň gatnaşmagynda çäreleriň birnäçesi boldy.

Olaryň biri COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, ýüze çykyp biläýjek durmuş-ykdysady meseleler boýunça BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisidir. Duşuşyga milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň, abraýly maliýe edaralarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky) hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak baradaky mesele çykaryldy.

Bu resminama ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamak, koronawirus sebäpli dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini peseltmek boýunça anyk çäreleri görmek, şeýle hem BMG-niň çäklerinde öňe sürlen degişli halkara başlangyçlary milli derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar ady agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler hem-de statistika maglumatlarynyň seljerilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan meýilnamanyň seljerilişine degişli giňişleýin maglumatlara garaldy. Şonda pandemiýanyň öňüni almak babatda BMG-niň ýurtlardaky edaralary tarapyndan durmuş-ykdysady taýdan täsir etmek boýunça hasabatlylygy üçin ählumumy derejesinde BMG tarapyndan kabul edilen görkezijiler getirildi.

Çäräniň ahyrynda bu ugurda möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, mundan beýläk ýerine ýetirilmeli anyk işler kesgitlenildi.

Şeýle hem şu gün onlaýn görnüşde ýurdumyzyň Maliýe-ykdysady toplumynyň wekilleri üçin BMGÖM-niň hem-de halkara maliýe edaralarynyň tejribeleri we seljermeleri esasynda milli gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de gazna biržasyny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki maglumat beriş mejlisi geçirildi.

Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesi baradaky tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri Türkmenistanda maýa goýum bazarynyň hem-de gazna biržasynyň ösüşi babatda milli garaýyşlar hakynda habar berdiler.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, telekeçilik ulgamyny ösdürmekden, banklaryň düşewüntliligini kämilleşdirmekden ybaratdygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň hünärmenleri wideomaslahat görnüşinde Ýewraziýa Patent guramasynyň (EAPO) Moskwadaky merkezi edarasynda geçirilen senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramagyň Ýewraziýa sebit ulgamyny döretmek meselesi boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.

Mejlisde, esasan, bu ugurda bilelikde hereket etmegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň netijeli ulgamy döredildi. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan strategiýa milli kanunçylyk namalaryna hem-de ýurdumyz tarapyndan gol çekilen halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýulýar.

Munuň özi oýlap tapyşlara we nusgalara degişli patentleri, şeýle hem haryt nyşanlaryna we hyzmatlara şaýatnamalary bermegiň esasynda senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goragyny üpjün edýär.

Türkmenistan Ýewraziýa Patent ulgamyny döretmek we onuň hereket etmegi ugrundaky maksatlar bilen kabul edilen Ýewraziýa Patent Konwensiýasynyň agzasy bolup durýar.

Häzirki wagtda senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramagyň Ýewraziýa sebit ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagy alnyp barylýar. Onuň ornaşdyrylmagy patentleri almagyň amallaryny ýönekeýleşdirer hem-de haýyşnama bilen ýüz tutýanlar üçin dolandyryş we maliýe taýdan aladalary azaldar.

Mejlise gatnaşyjylar bu ugurda milli syýasaty düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýän dünýäniň patent ulgamynda anyk gurallaryň ähmiýeti barada aýdyp, bu meseleler bilen meşgullanýan düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)