«AK HÜNJI» HK POLIMER ÖNÜMÇILIGINI ARTDYRÝAR

«Ak hünji» hususy kärhanasy gurulýan binalaryň daşky bezegi üçin önümleri önümçilige goýberdi. Penopolistirolly gorag örtükli dekotariw detallaryň täze görnüşleriniň çykarylyşy ýola goýuldy. Maryly telekeçiler dekoratiw termopanelleriň iki, dekoratiw profilleriň alty, binagärlik elementleriň 18 we agaja meňzedilen içki bezeg üçin falşbalkanyň bir görnüşini özleşdirdiler.

Kärhananyň penopolistiroldan çykarýan önümlerine gurluşyk guramalarynyň we hususy pudagyň ýylsaýyn artýan islegi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmga itergi berýär.

Şu önümleriň önümçiligi – 2020-nji ýylyň başynda ulanylmaga berlen gurluşyk serişdeleri zawodynyň kuwwatlyklaryny özleşdirmekde möhüm ädimdir. Onda polimerlerden penopolistrol (EPS we XPS), polipropilen, polietilen, şeýle hem diwar we üçeklik sendwiç-paneller önümçiligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

2021-nji ýylda kärhanada ýylda ekstridirlenen penopolistrtoldan (XPS) 1 200 000 metr bezegli depelik profilleri öndürýän ýene bir seh ulanylmaga berler. Ony içerki, şeýle hem daşarky bazarlarda ýerlemek göz öňünde tutulýar.

Bu maýa goýum taslamasy Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň goldamagynda amala aşyrylýar, ol bu kärhana sehi gurmaga hem-de belli italýan firmasyndan innowasion enjamy satyn almaga ABŞ-nyň 1 800 000 dollary möçberinde karz serişdelerini berdi.

2009-njy ýylda döredilen «Ak hünji» hususy kärhanasy Türkmenistanda penopolistroldan (EPS) ýylylyk saklaýan we bezeglik gurluşyk serişdelerini, şeýle hem sendwiç-panelleri esasy öndürijidir. Bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan kompaniýa bäsdeşlige ukyplylyga we bazaryň talaplarynyň ödemäge gönükdirilen esasy iş ugruna eýerýär.

Kärhanada barlagdan geçen laboratoriýa bolup, onda önümçilikde ulanylýan çig mal bu ýere getrilenden barlagdan geçirilýär. Önümiň her tapgyry Döwlet ölçeglerine we tehniki talaplara laýyklyga barlanylýar. Hil menejmenti ulgamy (HMU) ISO 9001:2015 halkara ölçegleriniň talaplary boýunça sertifikasiýadan üstünlikli geçip, karhana sertifikasiýa barada halkara edarasy bolan SGS kompaniýasy tarapyndan degişli sertifikat aldy.

Maryly telekeçiler köpürjikli penopolistroldan (EPS) önüm öndürilişini artdyrmak we hili ýokarlandyrylan hem has gelşikli önümleriň hasabyna önümleriň görnüşini artdyrmak maksady bilen indi 11 ýyl bäri hereket edip gelýän kärhananyň durkuny täzelemegi hem-de ony döwrebaplaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Önümiň durnukly hili, oýlanşykly menejment we her bir müşderä aýry-aýry çemeleşme netijesinde kärhana işläp gelýän döwründe ynamly hyzmatdaş hökmünde abraý getirdi, ol Türkmenistanyň gurluşyk serişdeleri bazarynda berk orun tutdy.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)