BALYK KÖPELDILÝÄR

«Ak durna» hususy kärhanasynyň howdanynda teňňe balyklar maşgalasyndan süýji suwda ýaşaýan balyklaryň birnäçe görnüşi ýetişdirilýär.

Olaryň arasynda kepir, kütimaňlaýlaryň birnäçe görnüşi we amur balyklary bar. Kiçijik balyjyklar üçin bu ýerde tebigy ösüş şertlerine golaý şertler döredilen. Olar balyk ýetişdirmegiň tehnologiýasyna, şol sanda gyş aýlary hem olara ideg etmegiň düzgünlerine berk eýerilýän emeli howdanlarda saklanylýar.

S.A. Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde bäş gektar meýdanda ýerleşýän howdan hojalygynda ýylda 40-50 tonna balyk ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde ýörüteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen laboratoriýaly Russiýada öndürilen inkubatorlaryň bäşisi, howdanlaryň sekizisi hereket edýär. Her ýyl ýetişdirilen balyklaryň bir bölegi tebigy ýaşaýyş ýerlerine -- Daşoguz welaýatynyň dürli tebigy howdanlaryna goýberilýär. Mysal üçin, şu ýylyň güýzünde kiçijik balyjyklaryň iki tonnasy Sarygamyş kölüne goýberildi. Balyklaryň popuýlasiýasyny şeýle usulda köpeltmek bilen kärhana sebitde alyp barýan balygy senagat taýdan tutuşynyň belli bir derejede öwezini dolýar.

«Ak durna» hususy kärhanasy ozalky döwlet kärhanasyny hususylaşdyrmagyň şowly mysalydyr. Motorly gaýyklaryň 23-sinden ybarat hususy fliotiliýasy we kakadyş hem-de doňduryjy sehli senagat zolagy bolan kärhana häzirki wagtda Türkmenistanyň demirgazygynda balyk tutmaga we balykçylyga ýörüteleşen iň uly hususy düzümdir.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)