TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ NEBITGAZ PUDAGYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK
21-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň nebitgaz toplumynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň “Türkmennebit”, “Türkmengaz” we “Türmenhimiýa” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Müsür tarapyndan duşuşygyň işine Müsüriň Nebit we mineral serişdeleri ministrliginiň, şeýle hem öňdebaryjy nebitgaz korporasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar birnäçe ulgamlar boýunça iki ýurduň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçdiler. Gün tertibine goýlan meseleleriň arasynda, Türkmenistanda amala aşyrylýan nebitgaz pudagyndaky taslamalar, şol sanda nebithimiýa oýlap tapyşlary hem-de bu taslamalara müsür bilermenleriniň gatnaşmagy bilen bagly meseleler bardy. Şeýle hem işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary we iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak işini ýola goýmagyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bilelikdäki çäreleriň, şol sanda hyzmatdaşlygyň giňeldilmnegine gönükdirilen maslahatlaryň we forumlaryň gurnalmagynyň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Mälim bolşy ýaly, Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.